Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Tehnologiýalar merkezi hassahanalaryň we anyklaýyş merkezleriň işini sanlylaşdyrmagy meýilleşdirýär

08.11.2023

93

Tehnologiýalar merkezi hassahanalaryň we anyklaýyş merkezleriň işini sanlylaşdyrmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň tehnologiýalar merkezi "Türkmen-Tranzit" hojalyk jemgyýeti bilen "Sanly lukmançylyk" atly innowasion ulgamy işläp taýýarladylar. Bu ulgam lukmana ýazylmak, kabul edilmek, keseli anyklamak we bejeriş işlerini geçirmek işlerini elektron usulda ýöretmäge we saglyk merkezinde her bir hassanyň elektron hasbaynyň açylmagyna, şonuň üsti bilen ähli resminama işleri sanly ulgam arkaly dolandyrmaga ýardam berýär.

"ORIENT-iň" habarçysyny mälim edilmegine görä, saglyk merkezleriniň işiniň sanlylaşdyrylmagy lukmaçylyk işine degişli resminama işleri eelktron usulda ýöretmäge we wagty tygşytlamaga ýardam eder. Işläp taýýarlanylan programma her bir saglyk edaranyň işgäriniň ulanmagy üçin amatly ýagdaýda döredilipdir. Mundan daşary, onuň interfeýsini we hyzmat ugruny iş ugruna laýyklykda sazlap bolýar. Onda maglumatlaryň howpsuzlygy ýokary derejede gurnalyp, her bir saglyk merkeziniň ýöriteleşen ugruna laýyklykda onuň işini sazlamaklyk üpjün edilipdir.


Снимок экрана 2023-11-07 180805.png


Bu programma giňişleýin ulanylanda, ol ilatyň saglyk ýagdaýy barada umumy kesgitleme bermäge we saglygy goraýyşyň üns bermeli ugurlaryny ýüze çykarmaga, munuň netijesinde bolsa, degişli çözgütleri kabul etmäge we strategiýalary işläp düzmäge ýardam edýär.

Bellenilişi ýaly, täze işläp taýýarlanylan programma saglyk merkezlerindiň işinde ulanmaga taýýardyr.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address