Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmenistan we Koreýa bilim pudagynda gatnaşyklary berkitmegi ara alyp maslahatlaşýarlar

02.11.2023

89

Türkmenistan we Koreýa bilim pudagynda gatnaşyklary berkitmegi ara alyp maslahatlaşýarlar

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew «Merkezi Aziýa —Koreýa Respublikasy» forumynyň sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory jenap Li Çon Kuk bilen duşuşdy. Duşuşyk 16-njy «Merkezi Aziýa —Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň öňüsyrasynda Koreýanyň daşary işler ministri Park Jiniň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli koreýa wekiliýetiniň Türkmenistana resmi saparynyň çäginde geçirildi.

Iki ýurduň bilim we ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem gatnaşmagynda geçirilen çäräniň dowamynda taraplar geljekki seminarlary bilelikde guramak, gözleg we ylmy ösüş, şol sanda makalalary, okuw kitaplaryny taýýarlamak, okuw esbaplary we ylmy gözleg maksatnamalaryny alyşmak, özara gatnaşyklar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem akademiki çärelere gatnaşmaga çakylyklar ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki tarap hem ara alyp maslahatlaşmalaryň akademiki jemgyýetleriň arasyndaky möhüm meseleler boýunça ylmy pikir alyşmak nukdaýnazaryndan üstünlikli boljakdygyna umyt bildirdi.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address