
News
194

Watan goragy her bir türkmen esgeri üçin mukaddes borç, belent mertebedir. Watana wepaly bolup, oňa ak ýürekden gulluk etmek her bir watançynyň ilkinji parzydyr.
Ine, 2023-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda çagyryş boýunça harby gullugyny geçip, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda gulluk möhletini tamamlap barýan Türkmenabat şäheriniň Serhet birikmesiniň harby gullukçylarynyň “Ätiýaçlyga ugradyş dabarasy” mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň işgärleri bilen birlikde taryhy ähmiýetli muzeýe tanyşlyk duşuşyk geçirildi.
Harby gullygyny tamamlaýan watan goragçylary muzeýde Beýik Watançylyk uruşynda merdana pederlerimiziň görkezen gahrymançylygyna bagyşlanan maglumatlar, fotosuratlar we uruş döwrüne degişli ýerleşdirilen eksponatlar, tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň ýeňşe goşan saldamly goşandyny şöhlelendirýän bölümler bilen tanyş boldular. Muzeý işgärleriniň degişli bölümler boýunça beren gyzykly gürrüňleri serhet gullukçylarynda aýratyn täsir galdyrdy. Elbetde, asuda we parahat durmuşy saklap galmaga öz janyny gurban eden gerçekleri hatyralamak, olaryň edermenligini, gahrymançylygyny elmydama sarpalap gezmek her bir watançynyň borjudyr. Watançylyk ruhuny galkyndyrýan bölümçeler esgerleriň Watanymyza, il-halkymyza bolan söýgüsini artdyrmaga, gahrymançylyk, edermenlik duýgylaryny döretmege itergi berdi.
Şeýle watançylyk ähmiýetli mowzuklaýyn sergiler, gezelençlerdir, açyk sapaklary we döredijilik duşuşyklary Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň işgärleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi bilen birlikde mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň, ýaş hünärmenleriň, harby bölümlerden esgerleriň gatnaşmagynda yzygiderli gurnalyp, olaryň her biri aýratyn mana eýe bolýar.
Ynha, esgerleriň ata-babalarymyzyň taryhy geçmişimizdäki gahrymançylykly ýollary barada gelip öwrenmekleri, olaryň geljekki durmuş menzillerinde mertligiň, gaýduwsyzlygyň nusgalyk mekdebi hökmünde kalbynda ruhy şamçyrag bolup hyzmat eder.
Şöhrat TÖRÄÝEW,
Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk
urşy muzeýiniň direktory,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.