Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

N.I.Lobaçewskiý adyndaky döwlet uniwersiteti türkmen talyplarynyň sanyny 1000-e çenli artdyrmaga taýýar

21.10.2023

128

N.I.Lobaçewskiý adyndaky döwlet uniwersiteti türkmen talyplarynyň sanyny 1000-e çenli artdyrmaga taýýar

Nižegorodyň N.I.Lobaçewskiý adyndaky döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Güýç Garaýew we üçünji sekretary Aşyraly Nazarow NNDU-nyň rektory Oleg Trofimow bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň esasy temasy Türkmenistandan bolan talyplary bu ýokary okuw mekdebe çekmek boýunça bilelikdäki iş bilen bagly boldy. 

Bu uniwersitetde häzirki wagtda biziň ýurdumyzdan 640 talyp bilim alýar. Ýokary okuw mekdebiň mümkinçilikleri olaryň sanynyň 1000-e çenli artdyrylmagy üçin ýeterlikdir. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen talyplarynyň taryh hem-de filologiki ugurlar, pedagogika, lukmançylyk, ykdysadyýet we telekeçilik bilen gyzyklanýandygyny bellediler. Lobaçewskiý uniwersiteti daşary ýurtly talyplar üçin okuw taýýarlygynyň dürli usullaryny hem-de bilim maksatnamalaryny hödürlemäge taýýar.

Mundan başga-da, duşuşygyň barşynda gözleg işleriniň, medeni alyş-çalşygyň we rus dilini öwrenmegiň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlyk taslamalaryny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

 «Kärdeşlerimiz türkmen talyplarynyň taýýarlygynda rus diline aýratyn ähmiýet bermegi haýyş etdiler. Biz şu ýyl bu işi güýçlendirdik. Ähli ugurlar boýunça bilim alýan talyplar — takmynan 100 döwletden bolan 2 200 çemesi ýaşlar başlangyç üç ýylyň dowamynda rus dilini okar. Biz daşary ýurtly myhmanlar üçin niýetlenen okuwlarymyzy mümkin boldugyndan gyzykly we öwrenmek üçin amatly ýagdaýda guramaga çalyşýarys. Ýaşlar muňa gowy düşünýärler. Şonuň üçin hem, Nižegorodyň bilim edaralaryna ýazylmak üçin gelýärler. Sebitiň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda biz bu ugurdaky görkezijiniň artmagy üçin elimizden gelenini edýäris we gelejekde hem ederis — diýip, belleýän NNDU-nyň rektory Oleg Trofimowyň sözüni ýokary okuw mekdebiň resmi saýty okyjylara hödürleýär.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address