Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Geljek okuw ýyly üçin Türkmenistanda täze okuw kitaplary taýýarlanyldy

25.07.2023

261

Geljek okuw ýyly üçin Türkmenistanda täze okuw kitaplary taýýarlanyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, täze okuw ýylyna toplumlaýyn taýýarlyk görüp başlamagyň hem-de orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýeňil hem-de düýpli abatlaýyş işlerini geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de bilim maksatnamalaryny we meýilnamalaryny kämilleşdirmegiň, mekdepleri okuw kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmasy esasynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy umumybilim berýän orta mekdepler üçin okuw kitaplaryny, gollanmalary we iş depderlerini türkmen hem-de daşary ýurt dillerinde neşir edýär. Olar bolsa tejribeli alymlar we pedagoglar tarapyndan taýýarlanyp, bilim ulgamynyň ýörite hünärmenleri tarapyndan tassyklanylýar.

Täze okuw ýylyna taýýarlanan mekdep kitaplarynyň arasynda birinji synp okuwçylaryna niýetlenen kitaplar hem bar. Olar «Surat», «Çeper zähmet», «Aýdym we saz», «Türkmen dili», «Nemes dili», «Matematika» we «Informatikanyň esaslary» kitaplardyr. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berilýär.

Nemes dilinden kämilleşdirilen okuw kitaby 6-njy synplar, «Türkmen dili» we «Türkmenistanyň hukuk we döwlet esaslary» okuw kitaplary bolsa 9-njy synplar üçin neşir edildi. Türkmen we rus dillerinde okadylýan 10-njy synp okuwçylary üçin «Edebiýat», «Algebra», «Geometriýa», «Himiýa», «Informatika», «Özüňi alyp barmagyň medeniýeti» okuw kitaplary taýýarlandy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address