Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

“Saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň döwrebap usullary” atly okuw- usuly maslahaty geçirildi

26.10.2024

330

“Saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalar bilen alnyp
barylýan işleri kämilleşdirmegiň döwrebap usullary” atly okuw-
usuly maslahaty geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde watansöýüji, zähmetsöýer, giň ylmy dünýägaraýyşly, bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipe bolup durýar.   

 Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmekleri, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydyr» diýen sözleri körpeleriň berilýän maglumatlary çuňňur özleşdirmeklerini üpjün edýän okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça sazlaşykly ulgamyň döredilmegini talap edýär. Ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, iň täze tehnologiýalary, innowasion serişdeleri bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia, kompýuter tehnologiýalaryny, okatmagyň öňdebaryjy usulyýetini yzygiderli ornaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bilim işgärleri çagalara bilim berenlerinde okatmagyň işjeň öwreniş usullaryndan, innowasion tehnologiýalardan, döwrebap okuw-tehniki serişdelerinden netijeli peýdalanýarlar. Bilimiň güýçýeterliligi bilimiň mazmunyna bildirilýän talaplara, çagalaryň we ata-eneleriň isleglerine we gyzyklanmalaryna, körpeleriň psihofiziki mümkinçiliklerine laýyk gelmelidir. Toplumlarda bilimiň hilini innowasion esasda ösdürmek üçin günüň, hepdäniň, okuw ýylynyň dowamyndaky okuw sapaklary çaganyň fiziki we psihiki mümkinçiligine laýyklykda düzülýärler, okuw işiniň gidişinde çaganyň şahsy aýratynlygyna görä psihologik-pedagogik kömek berilýär. Körpejeleriň tebigy zehinini açmak we ösdürmek maksady bilen dürli görnüşli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Masla-hatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegi, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmagy aýratyn nygtap geçdi.

Hormatly Arkadagymyzyň bu sözlerinden ugur alyp, 2024-nji ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Daşoguz welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň ýolbaşçy düzüminiň gatnaşmagynda “Saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň döwrebap usullary” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Bu maslahatda Aşgabat şäherinde we welaýatlarda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin hereket edýän Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynda bu ugurda toplanan oňyn iş tejribelerinden çykyşlar gurnaldy, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, saglygy dikeldiş we sagaldyş işlerini kämilleşdirmek barada özara pikir alyşyldy.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address