Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti «Times Higher Education» atly reýtinginde

27.10.2024

199

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti «Times Higher Education» atly reýtinginde

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti (Reporter) “Habarçy agza” hökmünde “2025 Times Higher Education World University Rankings (WUR)” atly Ýokary Okuw Mekdepleriň 2025-nji ýyl boýunça Dünýä reýtingine girdi.

Bu bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen “Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu abraýly guramanyň dünýä reýtingine habarçy hökmünde girmek, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň tejribelerini öwrenmek we durmuşa geçirmek, maglumat alyş-çalşyna gatnaşmak, bilimiň we ylmy barlaglaryň hilini ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Çeşmesi: Turkmenportal

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address