Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Brýusseliň diplomatiýa akademiýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

18.07.2023

120

Brýusseliň diplomatiýa akademiýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Duşenbe güni Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Brýusseliň diplomatiýa akademiýasynyň müdiri doktor Günter Gaoblomm we bu akademiýanyň geňeşçisi Žan de Brabander bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda akademiýa bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Akademiýanyň wekilleri duşuşykda okuw meýilnamalary we hünär ugurlary baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrdylar. Diplomatlar üçin adaty okuw ugurlaryndan başga-da, akademiýa energiýa geçişi, daşky gurşaw diplomatiýasy, söwda markasy, kiber diplomatiýa we krizis dolandyryşy ýaly ugurlar boýunça dersara okuwlary hödürledi.

Şeýle-de akademiýanyň okuw meýilnamalarynyň diňe bir nazary taraplara däl, eýsem amaly ulanyşa, şol sanda diňleýjileriň öz isleýän ugurlaryny saýlamaga mümkinçilik berýän goşmaça kurslara gönükdirilendigi nygtaldy.

Şeýle hem akademiýa okuw meýilnamalaryny beýleki ýurtlaryň diplomatlaryna hem ýaýradýar we kärhanalara okuwlary hödürleýär. Şunuň bilen baglylykda, akademiýanyň wekilleri Türkmenistanyň hususy pudagy bilen gatnaşyklary ýola goýmaga hem gyzyklanma bildirdiler.


Duşuşykda akademiýa bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmegiň ähmiýeti nygtaldy. Bu resminama geljekdäki hyzmatdaşlygyň kanuny esaslaryny üpjün eder we özara gatnaşyklaryň aýratyn ugurlaryny kesgitlär. Mundan başga-da, bilim we tejribe alyşmagy giňeltmegiň serişdesi hökmünde türkmen tarapynyň Brýusseliň diplomatiýa akademiýasynda leksiýa geçmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Akademiýanyň wekilleri bu hyzmatdaşlyga potensial hyzmatdaş hökmünde Flandriýa maýa goýum we söwda gullugyny (FIT) çekmegi teklip etdiler. Bellenilmegine görä, FIT Belgiýanyň gyzyklanýan taraplarynyň arasynda Türkmenistan we onuň iş mümkinçilikleri barada habardarlygy ýokarlandyrmakda möhüm rol oýnap biler. Şeýle hem, türkmen tarapyna Türkmenistanda işewürligiň geljegini açyp görkezmek üçin türkmen döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň gatnaşmagynda Brýusselde maslahat ýa-da sergi guramak teklip edildi.

Duşuşygyň ahyrynda akademiýanyň wekilleri düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny almaga, şeýle hem şu ýylyň ahyrynda uly döwlet baýramçylygy — Bitaraplyk güni mynasybetli tutuş ýurt boýunça geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana baryp görmäge gyzyklanma bildirdiler.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address