Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmen döwlet uniwersitetinde Rumyniýada okamaga isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy

14.07.2023

139

Türkmen döwlet uniwersitetinde Rumyniýada okamaga isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr hem-de magistr maksatnamalary boýunça okamaga isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Bu işler häzirki wagtda hem guramaçylykly dowam edýär diýlip «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Rumyniýa döwletiniň ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlik «Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň» çäklerinde alnyp barylýar.

Üstümizdäki ýylda bu ýurt tarapyndan alty ugur, ýagny maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalygy hem-de oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar boýunça ýokary hünär bilimini almaga isleg bildirýänlere 2023-2024-nji okuw ýyly üçin talyp orunlary hödürlenilýär.

Bu maksatnamalar esasynda ýokary hünär okuwlaryna dalaşgärler SAT, TOEFL hem-de IELTS akademiki bahalandyryş synaglaryndan üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamalara mynasyp bolanlar, şeýle-de halkara olimpiadalara gatnaşyjylar we döwlet olimpiadalarynyň ýeňijileri artykmaçlyklardan peýdalanyp bilerler.

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işleri 20-nji iýulda tamamlanar.

Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýylyň mart aýynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda 2023-2024-nji okuw ýyly üçin medeniýet we sungat ugurlary boýunça Russiýa Federasiýasynyň ýokary hünär okuw mekdeplerine, şeýle-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilim Maksatnamalary boýunça seçip alyş synaglary üstünlikli geçirildi.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address