Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Aşgabatda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

26.06.2023

132

Aşgabatda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Şu gün — 26-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Oňa Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow, TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew bilen bir hatarda dünýäniň çar künjeginden gelen magtymgulyşynaslar, alymlar, ylymlaryň doktorlary, mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşýarlar.

Giň gerimli foruma Azerbaýjandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Gyrgyzystandan, Hindistandan, Özbegistandan, Yrakdan, Alžirden, Eýrandan, Rumyniýadan, Belarusdan, Gruziýadan we beýleki döwletlerden alymlar, magtymgulyşynaslar, ýurdumyzyň alymlary, professorlary we ýaş alymlary gatnaşýarlar.

Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar ilki bilen uniwersitetiň giň foýesinde ýaýbaňlandyrylan türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nusgalyk kitaplarynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine, Türkmenistanyň taryhyna, medeniýetine, edebiýatyna bagyşlanan kitaplaryň hem-de milli gymmatlyklaryň sergisine aýlanyp gördüler.

Maslahatda çykyş eden daşary ýurtly magtymgulyşynaslar gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä halklarynyň arasynda meşhurlygy, öwrenilişi onuň döredijilik aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berildi. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň daşary ýurtlarda dürli dillerda çap edilen kitaplary dogrusynda hem giňişleýin durlup geçildi. Maslahata gatnaşýan magtymgulyşynaslar bu ugurda alyp barýan ylmy işleri barada aýratyn ünsi çekip, onda türkmen alymlary bilen netijeli gatnaşyklary saklaýandyklaryny nygtadylar.

Forum türkmen nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanan çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda geçirilýär. Maslahata gatnaşyjylar we myhmanlar üçin uly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şol maksatnama Arkadag şäherine, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna we paýtagtymyzyň muzeýlerine gezelençleri guramak, «Aşgabat» kinokonsert merkezinde filmleri görkezmek ýaly çäreler, konsertler, sergiler hem-de beýlekiler girizildi.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address