Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Saturnyň hemralary Enselad bilen Titanda hem ýaşaýşyň döremek ähtimallygy ulydyr

16.06.2023

159

Saturnyň hemralary Enselad bilen Titanda hem ýaşaýşyň döremek ähtimallygy ulydyr

Gün ulgamynda ýaşaýşyň bar ýeke-täk ýeri biziň Ýer planetamyzdyr... Emma soňky döwürlerde alymlar bu nazaryýet bilen doly derejede razylaşmaýarlar. Olaryň pikiriçe, Saturnyň hemralary Enselad bilen Titanda hem ýaşaýşyň döremek ähtimallygy uly. Bu babatda alymlarda Enselad has-da uly gyzyklanma döredýär.

Saturnyň ulgamynda 2004 — 2017-nji ýyllar aralygynda işlän «Cassini» arş gämisi Titan barada-da, Enselad barada-da gymmatly maglumatlary ýygnamaga mümkinçilik döretdi. Galyberse-de, bu arş gämisi Enseladyň buz çüwdürimleriniň içinden geçip gidipdi. Şonda «Cassini» Enseladyň buzluklarynyň astyndaky ergin ýagdaýdaky ummanyň düzümini hem öwrendi we ýaşaýşyň kemala gelmeginde wajyp orun eýeleýän uglerod, wodorod, azot, kislorod we kükürt tapylypdy. Bu elementler Ýerde ýaşaýyş döremeginde hem kesgitli orun eýeländirler. Emma arş gämisiniň geçiren barlaglaryna gaýtadan sereden alymlar Enseladda fosforyň hem bardygyny belleýärler.

Alymlaryň maglumatlaryna görä, ummanlarda ýaşaýşyň döremeginde esasy orunlaryň biri fosfora degişli. Enselladda bolsa bu elementiň möçberi Ýerdäkiden 100 esse köpdür.

Alymlaryň bu açyşy bilen Enseladyň ummanlarynda ýaşaýşyň döremegi üçin gerek bolan elementleriň ählisiniň jemlenendigi nygtaýar. Indiki maksadyň emeli hemra baryp, oňa arş gämisini gondurmak we ýakyndan öwrenmekdigi bellenýär.

Çeşme: https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/others/yasaysyn-emele-gelmegi-ucin-ahli-sertler-bar:-yer-planetasyndan-basga-yerde-ilkinji-gezek-fosfor-tapyldy-3d1c4e

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address