Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Ýaponiýada kosmodromly ýüzýän şäher peýda bolar

14.06.2023

208

Ýaponiýada kosmodromly ýüzýän şäher peýda bolar

N-Ark ýapon kompaniýasy Dogen City özbaşdak ýüzýän şäheriň taslamasyny görkezdi, ol ýerde hatda kosmos raketalary üçin uçurylýan we gonulýan meýdança hem ýerleşer.

Diametri 4 km deň bolan uly bolmadyk şäher 10 müň sany hemişelik ýaşaýja niýetlenendir. Birbada oňa 30 müňe golaý daşary ýurtly syýahatçylar baryp görüp bilerler. Şäheriň tegelek görnüşi gazaply howa şertlerine garşy durmaga, şol sanda Günüň dogýan ýurdunda ýygy hadysa bolan sunami suw joşmalaryna garşy durmaga mümkinçilik berer.

Şäheri üç sany aýratyn zolakdan – esasy ýaşaýyş zolagyndan; maglumatlary işleýän ýerasty merkezinden, ol deňiz tarapyndan sowadylar we şäher dolandyryş desgalaryna we lukmançylyga hyzmat edýän bölekden ybarat bolar. Üçünji zolak öz içine ýüzýän gurluşlary alar, olar tegelegiň içinde buhtada ýerleşerler.

Şäherde sosial ähmiýetli köp sanly desgalar – hassahanalar, seýilgähler, stadion, myhmanhanalar, sport meýdançalary bolar. Saglygy goraýyş meselelerine aýratyn üns berler. Onuň ýaşaýjylary telelukmançylygyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler, keselleriň öňüni almak üçin ganyň ýokary tehnologiýaly derňewini geçirip bilerler, şeýle hem robotlaşdyrylan hirurgiýa elýeterlilik alarlar.

Kompaniýa tarapyndan geçirilen hasaplamalara görä, ýüzýän şäheriň arassa suwy sarp etmegi her ýylda 2 million litre golaý bolar. Şäherde azyk önümleriniň 7 müň tonnasy öndüriler we 22265 MWt elektrik energiýasy işlenip çykarylar.

Şäheriň guruljak ýeri barada entäk maglumat ýok. Onuň gurluşygynyň ägirt köp tagallalary talap etjekdigi bellidir.

Çeşme: https://orient.tm/tm/post/55315/yaponiyada-kosmodromly-yuzyan-saher-peyda-bolup-biler

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address