Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Ýylyň iň meşhur sanly eserleriniň sanawy düzüldi

08.06.2023

234

Ýylyň iň meşhur sanly eserleriniň sanawy düzüldi

Meşhur rus ýazyjysy Lew Tolstoýyň «Uruş we parahatçylyk» romany soňky bir ýylyň nusgawy edebiýaty boýunça iň meşhur eseri boldy. Bu barada «TASS» habarlar gullugy ýazýar.

«Litre» kitap hyzmaty guramasynyň hünärmenleri 2022-nji ýylyň 1-nji iýunynda şu ýylyň 31-nji maýyna çenli aralykda rus klassikleriniň eserlerini mugt göçürip almagyň we kitap satuwynyň umumy sanyny seljerdiler. Şonuň netijesinde soňky bir ýylyň iň meşhur eserleriniň sanawy düzüldi. Sanaw eserleriň elektron we ses formatlaryndaky göçürilip alnan sany boýunça taýýarlandy.

Netijede, 74 müň gezek göçürilip alnan Lew Tolstoýyň «Uruş we parahatçylyk» romany sanawyň kerwenbaşysy bolmagy başaryp, soňky bir ýylyň nusgawy edebiýaty boýunça iň meşhur eseri adyna mynasyp boldy. Zehinli rus ýazyjysy Fýo­dor Dos­to­ýews­ki­niň «Je­na­ýat we je­za» romany 64 müň gezek göçürilip alnyp, sanawda 2-nji orny eýeledi. Lew Tolstoýyň ýene bir meşhur eseri — «Anna Karenina» romany 62 müň gezek göçürilip, 3-njy orna mynasyp boldy.

Mihail Bulgakowyň «Morfiý» hekaýalar ýygyndysy, Fýo­dor Dostoýewskiniň «Tentek» romany degişlilikde, 4-nji, 5-nji orny eýeledi.

Bulardan başga-da, sanawyň ilkinji onlugynda Fýo­dor Dostoýewskiniň «Doganlar Karamazowlar», Ýewgeniý Zanýatiniň «Biz», Ili Ilfa we Ýewgeniýa Petrowanyň «Bir gatly Amerika. Hekaýalar», A.S.Puşkiniň «Kapitanyň gyzy» hem-de Nikolaý Gogolyň «Öli janlar» eserleri bar.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address