Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

International IT Academy ITEA starts a new cycle of classes on the basics of programming and graphic design

06.06.2023

136

International IT Academy ITEA starts a new cycle of classes on the basics of programming and graphic design

ITEA Halkara IT-akademiýasy «Python» dilinde programmirlemegiň we grafiki dizaýnyň esaslary boýunça sapaklara ýazylyşygy amala aşyryp başlaýar.

Binýatlyk okuwlar saýtlary, ykjam programmalary, maglumat bazalaryny, oýunlary we ş.m. döretmek üçin ulanylýan iň meşhur programmirleme dilleriniň biri bolan «Python-yň» düzgünleri bilen tanyşlygy öz içine alýar. «Python» öwrenmek üçin aňsatdyr we dürli platformalarda ulanylýar, oňa erk edýän programmistler bolsa IT-bazarynda uly islegden peýdalanýarlar.

Sapaklaryň dowamynda okuwçylar «Python» üçin kodlary özbaşdak ýazmagy öwrenerler, şeýle hem öz taslamalaryny döretmek üçin zerur bilimleri we endikleri alarlar.

Öz gezeginde, okuwlara ýazylanlar grafiki dizaýny özleşdirip, reňk teoriýasy we olary dogry utgaşdyrmak, tekstler, tipografiýa, kompozisiýa bilen işlemek, logotip we kärhananyň keşbini döretmek ýaly ugurlarda başarnyklary we bilimleri öwrenerler.

ITEA IT-akademiýasynda okuwlar täze ugurda iş başlamak isleýän dürli ýaşdaky adamlar üçin gyzykly IT-pudagynyň iň möhüm we geljegi uly ugurlaryny öz içine alýar. Mekdep okuwçylary bolsa döredijilik ukyplaryny, bilim mümkinçiliklerini ösdürmäge we degişli bilimleri geljekde dürli ugurlarda iş ýüzünde peýdalanmaga mümkinçilik alýarlar.

Hazirki wagtda 20-nji iýundan soň meýilleşdirilýän sapaklara ýazylyşyk başlandy.

Okuwlar üçin maslahat almak we ýazylmak üçin şu salga girip ýa-da telefon belgilere jaň edip bilersiňiz: (+993 63) 47 11 92; (+993 63) 42 67 51.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address