Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Emeli intellekt bilen oýnamak üçin GoChess atly «akylly» küşt tagtasy döredildi

29.05.2023

160

Emeli intellekt bilen oýnamak üçin GoChess atly «akylly» küşt tagtasy döredildi

Elektron oýunlary işläp düzmek boýunça Ysraýylyň Particula startapy uzakda ýerleşýän bäsdeşler ýa-da emeli intellekt bilen oýnamak üçin GoChess atly «akylly» küşt tagtasyny hödürleýär.

GoChess çylşyrymly elektron düzümi bilen üpjün edilendir,ol küşt tagtasyny akylly robotlaşan gajete öwürýär.

Oýna başlamak üçin Bluetooth arkaly ýörite goşundyny birikdirmeli, şeýlelik bilen küşt onlaýn-platformalarynyň birinde hasaba alnan uzakdaky hyzmatdaş bilen aragatnaşygy ýola goýmaly.

Soňra birinji göçüm edilýär. Haçanda uzakdaky hyzmatdaş göçüm edende, hakyky tagtadaky küşt malyny tagtanyň aşagynda ýerleşen magnitli robot geçirýär.

GoChess bu oýna täze başlaýan küştçülere aýdyp berip bilýär. Meselem, haçanda nobatdaky göçümiň öňüsyrasynda küşt malyny eline alanda oýunçy onuň birnäçe wariantlaryny görýär, olar tagtada dürli şekiller görnüşinde yşykdoidyň ýagtylandyrmasy bilen görkezilýär, ol ýerde gyzyllar – küşt malynyň «iýiljekdigini», mämişi reňkler - esassyz töwekgelçiligiň bardygyny, ýaşyl reňk bolsa – iň oýlanyşykly warianty aňladýar.

Isleg bildirilende emeli intellekt bilen 32 çylşyrymlyk derejesindäki oýny oýnap bolýar. Ähli oýnalan döwler we olaryň netijeleri gurluşyň ýadynda saklanýar.

GoChess «akylly» tagtanyň satuwlarynyň başlanmagyna bir ýyldan garaşylýar.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address