Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmen alymlarynyň nobatdaky üstünligi

26.05.2023

139

Türkmen alymlarynyň nobatdaky üstünligi

Türkmen alymlary ylmy gözleglerini üstünlikli alyp amala aşyrýarlar. Biz size Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlarynyň ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda wajyp orun eýelejek ylmy makalalaryň çap edilmegi üçin ýörite saýty taýýarlandygyny hem-de Magtymguly Pyragynyň ähli goşgularynyň, onuň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan makalalaryň ýerleşdirilmegi üçin niýetlenen portaly döredendiklerini habar beripdik.

Alymlar bu asylly maksatlary göz öňünde tutýan taýýarlamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýän ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Ýakynda bu açyşlaryň ikisini hem tassyklaýan patent gowşuryldy.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan portal bu ýylyň mart aýynda taýýarlanylypdy. Portal Ylmy institularda, ýokary okuw jaýlarda ylmy gözlegleri alyp barýan talyp ýaşlarymyz, daşary ýurtly magtymgulyşynaslar, şahyryň döredijiligi bilen gyzyklanýanlar üçin döredilendir.

Tehnologiýalar merkeziniň alymlarynyň ýanwar aýynda taýýarlan elektron ylmy-amaly žurnaly hem halk içinde gyzgyn garşylandy. Bu programma arkaly alymlar ylmy makalalaryny žurnalyň redaksiýasyna iberip, öz penjiresiniň üsti bilen makalanyň ýagdaýy bilen tanşyp hem-de özüne degişli neşir edilen makalalaryň hasabyny ýöredip bilerler. Okyjylar bolsa žurnalyň arhiwinde bar bolan ylmy makalalary okap we göçürip alyp, ony peýdalanyp bilerler: https://journal.scitech.gov.tm/.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address