Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

TRASEKA - Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesi sanlylaşdyrylar

25.05.2023

152

TRASEKA - Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesi sanlylaşdyrylar

TRASEKA-nyň 13 agza-ýurdy Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak meseleleri boýunça iş toparynyň mejlisiniň Düzgünnamasyny we işiniň meýilnamasyny makulladylar – diýip, TRASEKA hökümetara toparyna salgylanyp, Trend habar berýär.

Taraplar şeýle hem ýurtlaryň arasynda elektron rugsadyny ulanmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörite mejlisi guramak barada ylalaşdylar.

«Hem tehniki, hem hukuk nukdaýnazaryndan halkara derejesinde çözülmegi talap edýän meseleleriň bardygyny göz öňünde tutup, bu meseleleri kadalaşdyrjak halkara ylalaşygynyň taslamasyny taýýarlamak zerurdyr. Mysal üçin, ylalaşygyň çäklerinde maglumatlaryň düzümini we olary bermegiň usulyny kesgitlemek, maglumatlary saklamak boýunça ylalaşylan karary kabul etmek, elektron sanly goly we autentifikasiýany ulanmak talap edilýär» - diýip, TRASEKA-nyň Baş sekretary Aset Asawbaýew aýtdy.

Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak meseleleri boýunça iş topary TRASEKA ugry boýunça sanly geçelgä sinhron badalga bermek üçin zerur bolan çäreleri işläp düzmelidir we taraplaryň tagallalaryny halkara guramalary we hyzmatdaşlary bilen utgaşdyrmalydyr.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address