Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Ilon Mask robotlarynyň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berdi

22.05.2023

205

Ilon Mask robotlarynyň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berdi

Ýakynda maýadarlaryň öňünde çykyş eden Ilon Mask robotlarynyň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, «Tesla Bot» häzirki wagtda adamyň hereketlerini gaýtalamaga, ýöremäge we töweregindäki zatlary tanamaga ukyply. Ýokardaky suratda ýodadan ýöräp barýan robotdaky datçikleriň töweregi seljerişi we ondaky zatlary tanaýşy görkezilen. Diýmek, bu robot öňünden çykan päsgelçilikden sowlup geçmäge, ýolundan käbir zatlary aýyrmaga ukyply bolar.

Şeýle-de, täze robotlaryň aýaklary kämil tehnologiýalar esasynda taýýarlanandyr. Ol ýörän ýoluna, aşagynda galan zatlara zyýan ýetirmeýär. Bu suratlarda robotyň gurluşyndaky material bilen ýumurtganyň basylyşy görkezilen.

Görkezilişde robotlaryň adamlara kömek edýän pursatlary hem bar. Olaryň birinde robotlar adamyňky ýaly elleri bilen dürli zatlary alyp, ony gaçyrmazdan başga gaplara ýerleşdirýärler.

Maglumatlara görä, «Tesla Bot» robotlary kompaniýanyň ýakynda öndürmegi meýilleşdirýän «Cybertruck» pikaplarynyň yzysüre köpçülikleýin taýýarlanyp başlanar. 

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address