Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça Halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi
22.05.2023
370
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça Halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi.
Watan habarlar gepleşiginde bellenişi ýaly, bu halkara bäsleşige Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Russiýanyň, Pakistanyň, ABŞ-nyň we başga-da birnäçe döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Ol türkmen, iňlis we rus dillerinde alnyp baryldy. Bäsleşigiň şertlerine görä, talyplaryň 10-sy I, 20-si II, 30-sy bolsa III orunlara mynasyp boldular.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary beýlekiler tapawutlanmagy başardyrlar.
Halkara açyk internet olimpiadasynyň ahyrynda ýeňiji bolan talyplara diplomlar gowşuryldy.