
News
159

2024-nji ýylyň 24-27-nji oktýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň UNESCO klublary barada Milli Federasiýasynyň guramagynda, Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde “SUNGAT PLANETASY-2024” atly halkara ýaşlar festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Festiwala saýlama tapgyrda üstünlik gazanyp ýeňiji bolan, dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen ýaşlar gatnaşdylar.
Festiwalyň düzgünnamasy boýunça ýaşlar bu festiwala öz döreden işleri (ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklar boýunça sungat eserleriniň taslamalary) bilen gatnaşdylar. Saýlama tapgyryň netijeleri boýunça ýurdumyzyň ýaşlarynyň döreden eserleri guramaçylyk topary tarapyndan ýokary baha mynasyp bolup, festiwalyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin çagyryldy.
Ýokary guramaçylykly geçen çärä dünýäniň dürli künjeginden gelen ýaşlaryň 83-si gatnaşyp, festiwalyň medeni maksatnamasynyň çäginde olar üçin dürli görnüşli çäreler we bäsleşikler guraldy. Geçirilen çäreleriň baş maksady ýaşlara milli gymmatlyklary gorap saklamaklygyň we olary indiki nesillerimize geçirmekligiň möhümdigi barada düşündirmekden ybarat boldy.
Festiwalyň dowamynda oňa gatnaşyjylar üçin “Şymbulak” sagaldyş we dynç alyş merkezine, Gazagystanyň T. Jurgenow adyndaky Milli Sungat Akademiýasyna gezelençler guraldy. Ol ýerlerde döredijiligiň ýaş wekilleri üçin ýörite ussatlyk sapaklary guraldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Şeýle hem okaň: Turkmenportal