Duşenbäniň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň baştutanyny Täjigistanyň premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki birnäçe resmi adamlar garşyladylar.
Saparyň dowamynda ýokary derejedäki gepleşikleriň geçirilmegine, taraplaryň onda meseleleriň giň toparyna garamagyna garaşylýar. Duşuşygyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda birnäçe täze resminamalara gol çekilmegine hem garaşylýar.
Häzirki günde Türkmenistanyň we Täjigistanyň hyzmatdaşlygy sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin strategiki faktor bolup durýar. Merkezi Aziýanyň ulag we energetika infrastrukturasynyň ösmeginde wajyp orun eýeleýän «Türkmenistan-Hytaý» gaz geçirijisi Täjigistanyň çäginden geçýär.