Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli Gyzyl meýdançada geçirilen dabara gatnaşdy
10.05.2023
198
Moskwada Gyzyl meýdançada Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly ýöriş geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy bilen Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan dabaraly ýörişe gatnaşmak üçin Moskwa geldiler.
Ýöriş gutarandan soň wekiliýet Wladimir Putin bilen bilelikde näbelli esgeriň guburyna gül çemenlerini goýarlar.