Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmen-täjik işewürlik-forumy we bilelikdäki eksport sergisi geçirildi

09.05.2023

160

Türkmen-täjik işewürlik-forumy we bilelikdäki eksport sergisi geçirildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana saparynyň öňüsyrasynda duşenbe güni, 8-nji maýda Duşenbede Türkmen-täjik işewürlik-forumy bolup geçdi. Forumyň açylyşyna bagyşlanyp Täjigistanyň milli kitaphanasynda iki ýurduň öndürijileriniň harytlarynyň bilelikdäki eksport sergisi taýýarlandy.

Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew we Täjigistan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary Usmonali Usmonzoda gatnaşdylar. Olar dürli ugurlardaky kärhanalaryň mümkinçilikleri bilen tanşyp, sergini gözden geçirdiler.

Binanyň birinji gatynda ýerleşen täjik ekspozisiýasy bilen türkmen wise-premýerini bu ýurduň Söwda-senagat edarasynyň baştutany Jamşed Jumahonzoda tanyşdyrdy, onuň kärdeşi bolsa – Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow biziň ýurdumyzyň sergide görkezişe çykarylan önümleri bilen täjik premýer-ministriň orunbasaryny tanyşdyrdy.

Şundan soňra, Milli kitaphananyň maslahatlar zalynda işewürlik-forumy geçdi, onda ilki bilen Batyr Atdaýew we Usmonali Usmonzoda çykyş etdiler. Bellenip geçilişi ýaly, 2022-nji ýylyň jemleri boýunça we üstümizdäki ýylyň başyndan bäri harytlaryň aýratyn toparlary boýunça, ýangyç-energetika toplumynyň önümleri, oba hojalyk we himiýa önümleri boýunça ikitaraplaýyn söwdanyň möçberinde ösüş görünýär. Muňa garamazdan, biziň ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady mümkinçiligi has giň we ony doly güýjünde ýerine ýetirmäge Täjigistanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň derejesinde 2021-nji ýylda gol çekilen 2022-2023-nji ýyllarda haryt dolanyşygyny artdyrmak boýunça Ýol kartasy kömek eder.

Hususan-da, Ýol kartasy bilelikdäki senagat kärhanalarynyň döredilmegini, şol sanda biziň ýurtlarymyzyň erkin ykdysady zolaklarynda, önümi üçünji ýurda eksport etmek üçin; pagta süýümini ahyrky önüme çenli gaýtadan işleýji bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegini; Täjigistandan Türkmenistana miweleriň we guradylan miweleriň üpjün edilişini artdyrmak, şol sanda olary gaýtadan işlemegi göz öňünde tutýar.

Anyk taslamalara we şertnamalara çykmak maksady bilen, türkmen we täjik kärhanalarynyň söwda-ykdysady missiýalaryny kadaly esasda gurnamak we garşylyklaýyn sergi-ýarmarkalary guramak teklip edildi.

Öz tarapyndan Türkmenistan söwda, ýangyç-energetika, himiýa senagaty, gurluşyk materiallarynyň önümçiligi, azyk, dokma, senagat, farmasewtika pudagy, oba hojalygy, ulag-logistika pudagy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda ekologiýa we suw hojalygy, ilkinji nobatda, suwdan rejeli peýdalanmak we suwy tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bardyr.

Gürrüňsiz, Türkmenistanyň we Täjigistanyň ulag babatynda hyzmatdaşlygynyň uly geljegi bar. Biziň ýurtlarymyzyň tagallalarynyň birleşdirilmegi güýçli ulag-logistika infrastrukturasynyň döredilmegine goldaw berer, ol Aziýanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşmegini üpjün ederdi.

Biziň ýurtlarymyzyň geografiki ýerleşişini peýdaly ulanmak maksady bilen, Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda Türkmenistan ulag multimodal geçelgesinde Hazar deňzine çykalgasy bolmak bilen bilelikde işlemäge gyzyklanýar. Hususan-da, biziň ýurdumyz täjik ulag kompaniýalaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny amatly şertlerde ulanmaklygy teklip etmäge taýýardyr.

Türkmenistan şeýle hem dokma pudagynyň giň önümçilik toruna eýedir, onda 80-den gowrak kärhana bar, bu bolsa pagtany gaýtadan işlemekde Täjigistany gyzyklandyryp biler. Konditer senagatynda, ösümlikçilik pudagynda bilelikdäki kärhanalary döretmek üçin geljegi uly bolan anyk çözgütlerbellenildi.

Işewürlik-forumyň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine, iki ýurduň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan aýdylan hyzmatdaşlyk boýunça täze tekliplere seredildi.

Forumda täjik tarapyna 150-den gowrak guramalar we hususy kärhanalar wekilçilik etdiler. Türkmenistandan Duşenbedäki duşuşyga düzüminde 70 edaranyň gatnaşyjysy, şol sanda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 50-ä golaý agza-kompaniýalary bolan wekiliýet gatnaşdy.

Täze formatda dialogyň dowam etdirilmegi günüň ikinji ýarymynda geçjek türkmen-täjik işewürlergeňeşiniň 1-nji mejlisi bolar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet düzümleriniňwe hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler hem meýilleşdirilýär.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address