«Talyp joşguny — 2023» atly döredijilik festiwaly yglan edildi
09.05.2023
186
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda «Talyp joşguny — 2023» atlydöredijilik festiwalyny yglan edýär.
Festiwal aşakdaky ugurlar boýunça şertlendirilýär:
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» bilen bagly edebi-çeper kompozisiýa (talyplar islegine görä daşary ýurt dillerinde çykyş edip bilerler);
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini, Ata Watanymyzy wasp edýän aýdym;
Talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde aýdyşyk aýdymy;
Talyplar toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdymy;
Talyplar toparyndan düzülen orkestriň milli we nusgawy saz gurallarynyň sazandarlyk etmeginde sazly çykyş;
Talyp durmuşyndan degişme sahnasy;
Halk döredijiliginiň eserlerinden parçany ýerine ýetirmek;
Şygyrlary çeper okaýyş;
Meşhur awtorlar tarapyndan döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek;
Taryhda yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň keşbini çeper ussatlyk bilen ýerine ýetirmek arkaly teatrlaşdyrylan sahna oýny;
Saz astynda tansly çykyş.
Festiwalyň geçiş tertibi:
2023-nji ýylyň 28-nji maýyna çenli her ýokary okuw mekdebiniň fakultetleriniň arasynda «Talyp joşguny — 2022» atly döredijilik festiwaly geçiriler.
Ýokary okuw mekdeplerinden saýlanan çeper höwesjeňler topary 2023-nji ýylyň 1 —10-njy iýuny aralygynda döwlet derejesinde geçiriljek döredijilik festiwalynda çykyş etmäge hukuk gazanarlar.
Döredijilik festiwalynda ussatlyk bilen ýerine ýetiren ýokary okuw mekdepleriniň talyplar toparlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.