14 million adam emeli aň tehnologiýalary sebäpli işden mahrum biler
08.05.2023
165
Bütindünýä ykdysady forumyň maglumatlaryna görä, 2027-nji ýyla çenli dünýäde 14 million sany iş orny ýok bolup biler. Adamlaryň köpüsi emeli aň sebäpli işden boşadylar diýip, «Habar 24» ýazýar.
Täze tehnologiýa adamyň zähmetini we aýratyn kärleri çalşyp biler. Bu howp golaýda Golliwudyň ssenariçileriniň iş taşlaýyşlaryna sebäp boldy, olar öz orunlaryna robotlaryň gelmeginden gorkýarlar.
Emma emeli aň diňe bir ssenariçileriň zähmetine däl, beýleki kärlere-de howp salýar. Şonuň üçin dünýä döwletleriniň Baştutanlary bu tehnologiýalary ahlak we etiki kadalary berjaý etmek bilen ösdürmäge çagyrýarlar.