Karnegi Mellon uniwersitetiniň inženerleri täze “ALAN” robotyny hödürlediler. Bu AI-emeli aňly enjam özbaşdak öwrenmek üçin, kompýuter görüşini we obýekt manipulýasiýasyny ulanýar. Robot daş-töweregini öwrenýär, öz maksatlaryny kesgitleýär we daşarky höweslendiriş ýa-da gözegçilik etmezden karar berip biler.
Häzirki wagtda bar bolan ösen robot ulgamlary öwrenmäge ukyply, ýöne bir meseläni kesgitlemek ýa-da gözleg işlerine itergi berjek "sylag" ulgamyny döretmek üçin adam gerek. ALAN döredilende, inersenerler diňe "bilesigelijilik" bilen dolandyrylýan nätanyş giňişligi özbaşdak öwrenjek ulgam döretmek islediler.
Döredilen robot, töwerekdäki obýektleriň hereketlerine baha berip biljek wizual modul bilen enjamlaşdyrylandyr. Öňünden taýýarlanan detektorlaryň kömegi bilen gözleg üçin bir ýer saýlaýar, açylan zatlar bilen aragatnaşyk saklaýar we täze hünärleri ulanýar.
Alymlaryň düşündirişine görä, ALAN, okuw döwründe emele gelen dünýäniň modelini belli bir element bilen ýerine ýetirip boljak hereketleri kesgitlemek üçin ulanýar. Ondan soň, robot öz çaklamalaryny barlaýar, daş-töweregi we mümkinçiliklerine düşünişini yzygiderli giňeldýär.
Awtonom robotlary taýýarlamak üçin ozal teklip edilen çemeleşmeler, tehnologiýany ösdürmegi kynlaşdyrýan köp sanly başlangyç maglumatlary talap edýär. Täze robot daşarky ýagdaýlary üznüksiz öwrenýär.
Çemen ITALMAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyñ Rus dili we
edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby.