«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
06.05.2023
141
Aşgabat şäherindäki «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýokary okuw mekdepleriň talyp ýigitleriniň arasynda geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. 5-nji maýda geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onuň deslapky tapgyrynda ýeňiş gazanan talyp ýigitleriň 25-si gatnaşdy.
Döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşýan talyp ýigitler bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, öz saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen wasp etdiler.
Ikinji şertde talyp ýigitler özleriniň sungata we döredijilige bolan ukybyny görkezip, türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezdiler.
Döredijilik bäsleşiginiň üçünji şerti has-da täsirli boldy. Onda talyp ýigitler şorta sözleri aýdyp, degişme sahnalaryny ýerine ýetirdiler.
Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň baş baýragyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Amanmyrat Ataýew mynasyp boldy. Bäsleşikde birinji orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Mekan Hojamyradow, ikinji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Hemra Kakajanow bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Yslam Amangulyýew, üçünji orna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby Hanjar Öräýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Ezizmyrat Meläýew, şeýle-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 1-nji ýyl talyby Abdylla Aşyralyýew mynasyp bolmagy başardylar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan talyp ýigitlere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.