Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Tehas uniwersitetiniň gözlegçileri beýniniň işjeňligini üýtgedip biljek ulgam döretdiler

05.05.2023

148

Tehas uniwersitetiniň gözlegçileri beýniniň işjeňligini üýtgedip biljek ulgam döretdiler

Ostindäki Tehas uniwersitetiniň gözlegçileri, hekaýa diňläniňizde ýa-da dowamly tekst akymyna göz ýetirip, beýniniň işjeňligini üýtgedip biljek ulgam, inwaziw däl semantik dekoder döretdiler. Bu ulgam geljekde ösüş, düşünjeli, ýöne gürläp bilmeýän adamlar bilen, (meselem insultdan soň) gürleşmäge kömek eder.

Ulgama gürlemegi tanamagy öwretmek üçin belli bir adamyň beýnisiniň işjeňliginiň nagyşlary öwredilýär. Ol, işleýän MRI (fMRI) skanerinde ýerleşdirilýär, ulgam beýniniň işjeňligini ýazga alýan mahaly birnäçe sagat podkast diňleýär.

Şeýle maglumatlar toplumynda taýýarlanan semantik dekoder, beýleki podkastlary ýa-da hyýallarynda aýdýan hekaýalaryny diňläniňde adamyň pikirlerini takyk tanap biler. Maglumatlaryň derňewi üçin gözlegçiler ChatGPT ýa-da Bard AI ýaly çatbotlardaky modelleri ulanýarlar.

Netije aýdylanlaryň sözli ýazgysy däl-de muňa derek, sözlemiň manysyny ele alýar we esasy pikiri berýär. Asyl sözleriň göz öňünde tutulan manysyna gabat gelýän (köplenç takyk däl) tekst döredýär. Mysal üçin, "Entek sürüjilik şahadatnamam ýok" sözüni eşiden gatnaşyjy üçin dekoder şeýle teksti döretdi: "Ol henizem sürmegi öwrenip bilenok".

Gözlegçileriň bellemegine görä, şeýle ulgam henizem kämilliksiz bolsa-da, gürlemeýänlere ses tanamak ulgamlary üçin bu uly öňe gidişlikdir. Öňki ösüşler beýnide ýerleşdirip boljak enjamlary talap edýärdi we diňe çäkli söz baýlygy bilen işleýärdi. Amaly ulanmak üçin tehnologiýany mundan beýläk-de ösdürmek zerurdyr.

Nurýagdy ATAÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag

kommunikasiỳalary institutynyň Ykdysadyýet

we sanly tehnologiýalary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

                  

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address