Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Paýtagtymyzda üstaşyr-ulag ulgamy boýunça halkara forum öz işine başlady

03.05.2023

145

Paýtagtymyzda üstaşyr-ulag ulgamy boýunça halkara forum öz işine başlady

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň guramagynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Oňa gatnaşyjylar ilki Prezident Serdar Berdimuhamedowyň forumyň açylmagy mynasybetli iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Döwlet Baştutany Gutlagynda bu halkara forumyň Türkmenistanyň köpugurly halkara ulag-üstaşyr we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri möçberli, milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak başlangyçlaryny goldamaga, Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirýär.

Forumyň açylyş dabarasynda sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Maglumatlara görä, bu halkara foruma gatnaşmak üçin 700-den gowrak adam hasaba alyndy. Olardan 100 töweregi çärä onlaýn görnüşde gatnaşar.

Halkara forumda «Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika pudagyny dikeltmek: täze kynçylyklar we mümkinçilikler», «Ulag we aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak we onuň geljegine göz aýlamak», «Durnukly ulag ulgamynyň daşky gurşaw talaplary. «Ýaşyl» infrastrukturany ösdürmekde döwlet we hususy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti», «Ulag we aragatnaşyk toplumynyň ösüşinde ylym-bilimiň orny» ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Çäräniň barşynda guralan sergi foruma gatnaşýan kompaniýalar üçin özara pikir we tejribe alyşmak, şeýle-de halkara ulag infrastrukturasynyň ösmegine goşant goşýan täze tehnologiýalary we önümleri, döwrebap hyzmatlaryny hödürlemek babatda ajaýyp mümkinçilik boldy. Olaryň hatarynda «Vitol», «Meno Logistics», «Boeing», «Dragon Oil», «Fly Dubai», «Airbus», «Cargo Lux» halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa Ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) wekilleri bar.

Halkara foruma gatnaşýan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çäräniň barşynda dürli taslamalar boýunça hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle-de forum ulag infrastrukturasynyň ösdürilmeginde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýetli wakadyr.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi ertir — 4-nji maýda hem öz işini dowam eder.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address