Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Türkmenistan Merkezi Aziýada suwdan rejeli peýdalanmak boýunça sebitleýin maslahata gatnaşar

30.10.2024

90

Türkmenistan Merkezi Aziýada suwdan rejeli peýdalanmak boýunça sebitleýin maslahata gatnaşar

2024-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Daşkentde Merkezi Aziýada suwdan rejeli peýdalanmak boýunça sebitleýin maslahat geçiriler. Şu gün halkara çärä gatnaşmak üçin Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň wekilleri, ýaş liderleriň 100-e golaýy Özbegistanyň paýtagtyna bardylar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň wekilleri hem bar.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar suw baýlygyny dolandyrmagyň täze çemeleşmeleri we suw ýetmezçiliginiň öňüni almakda ýaşlaryň tutýan orny barada pikir alşarlar. Şeýle-de suwdan netijeli we tygşytly peýdalanmakhem-de suw diplomatiýasy meseleleri boýunça pikir alyşmalar, tematiki gürrüňdeşlik we seminarlar geçiriler.

Bu maslahat Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hem-de Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlaryň işleri boýunça agentligi tarapyndan guralýar.

Maslahatda Özbegistan Respublikasynyň Suw baýlyklary ministri Şawkat Hamraýew, Ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministri Kongratbaý Şaripow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň geňeşçisi Zulfiýa Süleýmenowa we Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministriniň birinji orunbasary Jemşed Şoimzoda çykyş eder. Şeýle hem çärä ÝB agza ýurtlaryň ilçileri, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, BMG-niň düzüm birlikleriniň, ÝHHG-niň Özbegistanda ýerleşýän edarasynyň wekilleri hem gatnaşar.

Bu maslahat Merkezi Aziýanyň ýaş liderleri üçin diňe bir suwdan peýdalanmak baradaky pikirlerini paýlaşmak babatda däl, eýsem, sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga hem ajaýyp mümkinçilik bolar.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address