Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

UMUMY ORTA BILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ XI SYNPY ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

30.10.2024

238

UMUMY ORTA BILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ XI SYNPY ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ylym-bilim pudagyny ösdürmek ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi we belent sepgitlere ýetmegi üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly işler amala aşyrylýar. Döwletimiziň berkararlygynyň, döwrümiziň bagtyýarlygynyň esasynda ylym-bilim ulgamynda geçirilýän netijeli özgertmeler ähli babatda aýdyň görünýär we guwandyryjy duýgulary döredýär. 

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň ХI synpy üçin “Nemes dili (I daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtorlary: G.Gurbanowa, A.Agajykowa, J.Öwezowa) Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Okuw kitaby okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, okatmagyň we terbiýelemegiň esasy didaktiki ýörelgelerinden ugur alnyp taýýarlanylypdyr, daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullaryndan hem-de öňdebaryjy tejribelerden netijeli peýdalanylypdyr. 

“Nemes dili (I daşary ýurt dili)” okuw kitaby bu dili has içgin öwrenmek üçin, şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen tassyklanylan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny”, “Turkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny“ we “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek ugrunda hem uly işleri amala aşyrmakda ýakyndan hyzmat eder.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw

kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Şeýle hem okaň: ashgabat.in

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address