Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini «EKSPO — 2025-e» çagyrdy

31.10.2024

93

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini «EKSPO — 2025-e» çagyrdy

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isibadan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat geldi.

«Watan» habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, Sigeru Isiba iberen hatynda Premýer-ministr wezipesine bellenilmegi mynasybetli iberen gutlagy we hoşniýetli sözleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär.

— Türkmenistan kanunylyga esaslanýan erkin we açyk halkara gatnaşyklaryny berkarar etmekde Ýaponiýanyň möhüm strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlarda, şol sanda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ulgamlarda yzygiderli ösdürilýändigi guwandyryjydyr. Şeýle hem men Siziň Alyhezretiňiziň «EKSPO — 2025 Osaka» Bütindünýä sergisi mynasybetli geljek ýylda saparyňyza we Siziň bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Şu ýylyň awgust aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli yza süýşürildi. Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, şu ýyl 20 ýyllygy bellenilýän «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde Siziň Alyhezretiňiz bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýärin — diýip, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentine ýollan hatynda belleýär.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address