Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Uly ruhubelentlige beslenen sport çäreleri

02.11.2024

181

Uly ruhubelentlige beslenen sport çäreleri

2-nji noýabrda Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýöriş we dabaraly çäreler uly ruhubelentlige beslendi. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň hormatyna geçirilen sport çäreleri hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi bilen badalga aldy. Bu çärelerde ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlap, olara Şa serpaýlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy türgenleriň we tälimçileriň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy.

2024-nji ýylyň 2-8-nji sentýabry aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Pontewedre şäherinde sportuň erkin göreşi boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda I orna mynasyp bolan Türkmen döwlet maliýe institutynyň 1-nji ýyl talyby Begenjow Alp-Arslana we 2024-nji ýylyň 19-28-nji sentýabry aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Leon şäherinde sportuň agyr atletika görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda I orny gazanyp, dünýä rekordyny täzelän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Matýakubow Şahzadbeke Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy ýeňil awtoulaglaryň açary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Mundan başga-da gymmat bahaly sowgatlar bilen halkara sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezen bilim we sport ulgamynyň wekilleri bolan tälimçi-mugallymlar, talyp ýaşlar, orta we sport mekdebiniň okuwçylary sylaglanyldy.

Saglyk ýolunda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň çäklerinde Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryş geçirildi. Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Tuwaklyýew Ýunus 1-nji orna, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Babanyýazow Pena 2-nji orna, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby Saparow Serdar 3-nji orna mynasyp boldy.

Günüň ikinji ýarymynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenleriniň Şa serpaýy bilen sylaglanylmagy mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty guraldy. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolan tälimçilerdir türgenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda sport ulgamyny ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanylyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda dünýäniň sport äleminde ata Watanymyzyň, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdiren başlangyçlarynyň dünýäde parahatçylygy ýaýbaňlandyrmaga, saglygyň gözbaşy bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýandygyny bellediler. Hormatly Prezidentimize «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenleriniň Şa serpaýy bilen sylaglanylmagy mynasybetli hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylaryň adyndan Ýüzlenme kabul edildi. Hoşallyk maslahatynda Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözleri beýan edildi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address