Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Turkmenistan Ministry of Science and Education. Innovation Information Center. 2024
slogan
Centralized services and information portal of the Ministry of Education of Turkmenistan
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
Login

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Yhlasyň gowuşsyn, dalaşgär!

27.07.2024

17

Yhlasyň gowuşsyn, dalaşgär!

12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalarynyň tassyklanylmagy bilen, nobatdaky jogapkärli möwsüme badalga berildi. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bilime teşne zehinli ýaşlarymyz talyplyk bagtyna eýe bolmak üçin öz saýlap alan hünärleri boýunça bilim ojaklaryna resminamalaryny tabşyrýarlar. Degişli işler Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda-da guramaçylykly dowam edýär. Mary şäherinde ýerleşýän bu institutyň mugallymy, kabul ediş toparynyň agzasy Maral Agaýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, şeýle gürrüň berdi: 

— Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda edilýän köpugurly tagallalar bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilime bolan hyjuwyny has-da artdyrýar. Munuň şeýledigine şu günler degişli resminamalaryny tükelläp, uly umyt-arzuwlary ýüreginde besleýän yhlasly dalaşgärleri synlanyňda, has aýdyň göz ýetirmek bolýar. 

Diýarymyzda elektroenergetika pudagyny ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze, döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi guruldy. Bu ugurda giň gözýetimli, ukyp-başarnykly hünärmenleri taýýarlamak möhüm talap bolup öňe çykýar. 

Döwlet energetika institutynda mynasyp dalaşgärler hünärmen maksatnamasy we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça okuwa kabul edilýär. Hünärmen maksatnamasy boýunça dalaşgärleriň birnäçe ugurlarda ýokary bilim almaga mümkinçilikleri bar. Olar energetika we ýylylyk energetikasy, maşyngurluşyk, elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary, tehniki ulgamlarda dolandyryş ugurlarydyr. Şeýle-de bakalawr maksatnamasy boýunça maglumat howpsuzlygy, elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary, elektrik we ýylylyk energetikasy, informatika we hasaplaýyş tehnikasy, maşyngurluşyk, ykdysadyýet we dolandyryş ýaly ugurlarda dalaşgärleriň resminamalary kabul edilýär. Maglumat howpsuzlygy ugrunda talyplar bäş ýyllyk maksatnama esasynda okuwa kabul edilip, olara bir ýyl iňlis dili öwredilýär hem-de soňky dört ýylyň dowamynda sapaklar iňlis dilinde alnyp barylýar. Döwlet energetika institutyna 2024-2025-nji okuw ýyly üçin 632 talyby okuwa kabul etmek maksat edinilýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň: “Hünär saýlamak belli bir käriň inçeliklerini ele almaga ymtylýan ýaş adamyň hünäre gyzyklanmalary bilen baglanyşykly bolmalydyr. Kesbiňden kemal tapmak üçin işiňi söýmeli, şonda üstünlik hem geler. Elbetde, öz alyp barýan işiňe elmydama halkyň esasy işiniň bir bölegi hökmünde garamaly. Adam özüniň Watanyň ykbalyna hemişe dahyllydygyny duýmalydyr” diýen sözleri ähli ýaşlarymyz üçin mukaddes pentdir. Hünäre höwesli dalaşgärlere üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris. 

Welmuhammet

GALANDAROW. 

"Türkmenistan" gazeti, 27.07.2024ý. № 190.

neutrality.gov.tm

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Our address

744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house

Turkmenistan Ministry of Science and Education. Innovation Information Center. 2024