
News
98

Halk Maslahaty ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we jemgyýetdäki durmuş gatlaklarynyň bähbitlerini sazlaşdyrmak bilen, ýurt derejesinde bilelikdäki hereketi guraýjy güýç hökmünde çykyş edýär. Bu gün ýurduň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň hemaýaty bilen her bir adamyň, ýurdy özgerdiji her bir subýektiň döredijilikli zähmetiniň döwlet derejesinde goldanylýandygy, ýokary baha mynasyp bolýandygy Diýarymyzyň ösüşleriniň kepilidir. Bu hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baý durmuş we syýasy tejribesiniň halkymyzyň gurujylyk, döredijilik pähim-paýhasynyň netijesinde amala aşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde öňe sürülýän pähim-paýhaslaryň halkyň we her bir adamyň öňünde duran wezipeleridir maksatlary aňlamagyň hem-de amal etmegiň ýol-ýörelgeleri bolup çykyş edýändigini aýratyn bellemeli. Şol esaslar barada alym Arkadagymyz: «Öňümizde bu mukaddes Watanyň has abadan geljegi üçin bilelikde, birlikde — agzybirlikde geçmeli ýollarymyz, külterlemeli menzillerimiz, dowam etmeli döwlet dessurlarymyz bar» diýýär. Bu bolsa adamlaryň, dürli jemgyýetçilik toparlarynyň we gatlaklarynyň, tutuş halkymyzyň ýurduň geljegi üçin agzybirlikde bitirmeli işleriniň üstünlikli durmuşa geçmeginde ýurduň ýokary wekilçilikli edarasynyň ýörelgeleriniňdir tagallalarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini aňladýar. Sebäbi olarda il-halkyň pikir alşyp öňe süren garaýyşlary jemlenýär.
Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde şu tejribäniň ähmiýeti barada: «Bu köpçüligiň geňeşip gelen netijesine adalatly garaýyşdyr. Bir däl-de, birnäçe netijäniň seljerilmesidir. Bu ýerde esasy pikir «Il aýtsa, galp aýtmaýar» diýen has düýpli netijede ykrar edilýär. Bu ynam — durmuşyň öňe çykaran şu kesgitlemesi agzybirligiň hakyky gymmatyny aýdyň etdi. Şeýlelikde, ol halkymyzyň durmuş barada kemala getiren ylmynyň merkezi güýjüne öwrüldi» diýip belleýär. Häzirki döwürde şol ylym esasynda netijeliligi gazanmak we ýetilen sepgitlerden ýokary galmak üçin agzybirlikde, bitewülikde hereket etmek barada öňe sürülýän çagyryşlaryň wajypdygyna we onuň şu günki ähmiýetine, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň her birimiziň aýdyň düşünmegimiz gerek. Muny her bir bilelikdäki hereketiň sazlanmaga mätäçligi, häzirki döwürde ýurdumyzda aýratyn işjeňlige eýe bolýan döredijilik işiniň we bazar gatnaşyklarynyň bäsdeşlik bilen şertlendirilýänligi sebäpli adamlaryň bu ýerdäki hereketinidir bähbitlerini utgaşdyrmagyň has hem zerurdygy bilen düşündirmek bolar. Ol hem hakykat, hem zerurlyk. Ýöne şol bir wagtda bu ýagdaýda döwrüň öňe sürýän talaplaryny we ösüşiň ýüze çykarýan täzeliklerini hem göz öňünde tutmaly bolýar. Döwür bu gün köp düşünjelere, garaýyşlara, hereketlere täze many-mazmun berýär, olara täzeçe röwüş çaýýar.
Häzir ýurdumyzda raýatlaryň kanuny bähbitlerini, zähmete, eýeçilige, öz pikirini erkin beýan etmäge we goramaga bolan konstitusion hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirýän jemgyýetçilik gurluşy kemala gelýär. Jemgyýet ykdysady ösüşi gazanmak bilen, ýaşaýşyň hilini gowulandyrmaga, durmuş maksatnamalaryny giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlara tarap ugur alýar. Ony biz durmuş hal-ýagdaýy gitdigiçe gowulanýan ilatymyzyň sanynyň artýanlygynda görýäris. 2022-nji ýylyň dekabrynda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirilip, 7 milliondan gowrak adam sany hasaba alyndy. Munuň özi Türkmenistanda, 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende, ilatyň 2 milliona golaý artandygyny görkezýär. Demografik ösüş ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagynyň hasabyna üpjün edildi. Bu bolsa, Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda häzirki zaman jemgyýetiniň hakyky gymmatlygynyň baýlyklarda däl-de, adamlardadygy, olaryň bilim, hünär derejesindedigi we zähmetiniň netijesindedigi baradaky hakykatdan ugur alynýandygyny görkezýär.
Ozal agrar ýurt bolan Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulyp, industrial gymmatlyklary özleşdirdi we bu gün industrialdan soňky ösüş ýoluna düşdi. Ýurdumyzda ösüşiň täze nusgasy döreýär. Bu ylym-bilimiň, maglumat-tehnologik mümkinçilikleriň düýpgöter täze derejä çykýan döwrüdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Dünýäniň fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalarynyň utgaşmagyny alamatlandyrýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» eýýamy täze pikirleri, täze innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär» diýip, alymlaryň, hünärmenleriň täzeçil we netijeli pikirlenmek, täzeligi aňlamak, innowasion çözgütleri öňe sürmek başarnygyna eýe bolmalydyklaryny nygtaýar. Diýmek, innowasion çözgütleri amal etjek geljekki hünärmenlerde, alymlarda, ähli döredijilik işgärlerinde şu hili ukyplary taplamak döwrüň wajyp talabydyr.
Alym Arkadagymyzyň eserleri ýaşlarymyzyň gurujy, dörediji adamlar bolup ýetişmekleriniň paýhas esaslary bolup çykyş edýär. Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Ömür, ömrüň manysy, terbiýe, ýaşaýyş-durmuşyň manysy, ähmiýet bermeli gymmatlyklaryň we ýörelgeleriň manysy hakdaky öwüt-ündewlerimiziň ýaşlaryň maňzyna batjakdygyna, aňyna ornajakdygyna ynanýaryn» diýip, adamzadyň we halkymyzyň häzirki döwrüň ýaşaýyş paýhasynyň ýörelgelerini öňe süren beýik Magtymgulynyň ylmy-filosofik mirasy barada pikir ýöredýär. Milli Liderimiz: «Il-halkymyzda ahlak garaýyşlaryň gözbaşy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň esasynda düzülýär. Çünki şahyryň setirleri özünden soňky nesilleriň ahlak garaýyşlary babatdaky jebisligini kemala getirýär. Magtymguly Pyragy özünden öňki türkmen durmuşy, ykdysady we syýasy garaýyşlar babatdaky ähli bilimleri setirlerinde beýan etdi» diýip, ýaşlarymyza beýik dananyň paýhasyna eýermegi wesýet etmek bilen, olara uly ynam bildirýär. Bu beýik ynamy ödemek üçin ýaşlar dünýäni aňlamaga we özgertmäge esas döredýän ylma hem-de geljegiň ak ýoluny görkezýän paýhasa eýerip, öz döredijilik gujury bilen ýurdy ösdürmäge, ynsaply ýaşaýyş arkaly jemgyýeti ynsanperwerleşdirmäge goşant goşmalydyr. Şu hili adam pikirlenýän, oýlanýan, durmuşda haýyr işi bilen gowulyklary artdyrmagy içki ynanjyna öwren adamdyr. Şu nukdaýnazardan alanymyzda, ýaşaýyş ýörelgelerini kemala getirmek döwletiň hem, jemgyýetimiziň hem, diýmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar diýsek, hakykatdan daş düşmeris.
Bu gün jemgyýetde ynsanperwer gymmatlyklary kemala getirmek, olary adamlaryň ýaşaýyş ýörelgelerine öwürmek ugrunda uly işler edilýär. Bu işiň amal bolmagyna öz şahsy goşandyny goşýan adamlaryň sanynyň artýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly şahyryň: «Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil» diýen pähiminiň jemgyýetimiziň esasy ýaşaýyş kadalarynyň birine öwrülendigini belläp: «Halal gazanjyň belli bir möçberini haýyr-sahawata bagyşlamak — türkmençilikde öňden ulanylan, ündelýän ýörelge. Hut şeý dilende, saçagyňa, rysgyňa bereket inýändigine berk ynanylypdyr» diýip, howandarlyga mätäç adamlary goldamagyň, jemgyýetiň ynsanperwer gymmatlyklaryna öz goşandyňy goşmagyňyn saplylykdygyny nygtaýar. Bu ynsanperwer işleriň has giň möçberde dowamly bolmagyna Halk Maslahatynyň hemaýat edýändigini görýäris. Howandarlyk duýgusy we ynsanperwerlik jemgyýetde asylly ahlak kadalarynyň üsti bilen has-da täsirlilige eýe bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde halkymyzda ahlak kada-kanunlarynyň taryhy jähetden uly döwri başdan geçirip, «türkmençilik» diýlip şertli atlandyrylan özboluşly durmuş ýörelgeleriniň toplumynda has pugtalanandygy nygtalýar. Bu kitapda biziň söz açýan meselämize degişli örän ähmiýetli pikir bar: «Indi iň esasy nygtamaly ýeri, şol ýörelgeleriň ýeke söze — «ynsap» düşünjesine syryganlygydyr. Ynsap jemgyýetiň baş gymmatlygydyr. Ynsaply ýaşaýyş raýat jemgyýetiniň, demokratik döwletiňiň ýokary kemala gelmesi bolup durýar».
Ynsaply ýaşaýşy kemala getirmek bilen bagly meseleleriň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň many-mazmunyny düzýändigini ynamly aýtmak bolar. Milli Liderimiziň ynsap baradaky oýlanmalaryna ýüzleneliň we şol oýlanmalarda «Ynsap — dine ýarpy» diýen pähimiň teswirlenişine ünsi çekeliň! «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesinde»: «...gadymyýetden bäri adamyň ahlak kadalaryna laýyk ýaşamagynyň kanunlaryny dini ynançlar ýerine ýetiripdir» diýlip, onuň ähmiýetli bolandygy bellenilýär. Şonuň bilen bir hatarda, bu jümläni dünýewi nukdaýnazardan düşündirmek maksady bilen, öňe sürlen pikir dowam etdirilip: «Indi ynsap babatdaky ata-babalarymyzyň aýdanlaryna dykgat edip görüň! Bu «Ynsap — ýaşamagyň kanunlary» diýmek bolýar» diýlip netije çykarylýar. Diýmek, ynsaply ýaşamagyň kanunlary, ynsaply ýaşaýyş kämil raýat jemgyýetiniň we demokratik döwletiň kemala gelmeginiň binýadydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleri ýurdumyzda raýat jemgyýetini kämil derejä çykarmak hem-de türkmen döwletiniň demokratik esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglydyr. Görşümiz ýaly, ýurdumyzyň Halk Maslahaty bu gymmatlyklaryň has giňden ýaýbaňlanmagy üçin täze esaslary açýar.
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meselelerdir kabul ediljek çözgütler halkymyzy bir maksada — ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, ilimiziň abadan we bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmak wezipesini amal etmäge birikdirer. Ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň şu hili tagallalary watandaşlarymyzda geljege bolan ynamy, maksat-wezipelere ygrarlylygy berkidýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzy ösüşiň ak ýoluna düşürip, bilelikde we agzybirlikde etmeli işleri kesgitläp, adamlaryň döredijilik we gurujylyk ukyplarynyň artmagyna täze esaslary döredýär. Türkmen halky abadan we ynsaply jemgyýeti gurup, geljege ynamly barýar. Bu bolsa ýurdumyzyň innowasion ösüşiň täze derejesine çykýandygynyň, dünýä bileleşiginde mynasyp orna eýe bolan kuwwatly döwlete öwrülýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Nurýagdy SUWHANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, Hormatly il ýaşulusy.
"Türkmenistan" gazeti, 27.07.2024ý. № 190.