Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETINE "ARKADAG" ADYNY GÖTERÝÄN ÝYLDYZYŇ GÜWÄNAMASY GOWŞURYLDY

01.07.2024

87

MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETINE "ARKADAG" ADYNY GÖTERÝÄN ÝYLDYZYŇ GÜWÄNAMASY GOWŞURYLDY

1-nji iýulda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Asman jisimlerini öwrenýän "Kosmos-Ýer" jemgyýetiniň alymlary tarapyndan asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine "Arkadag" adynyň goýulmagy, bu asman jisimine "Arkadag" adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.

Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynyň taryhyna möhüm sahypa bolup ýazylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli guralan baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagynyň taryhy ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläp geçdiler. Şunuň bilen birlikde watandaşlarymyzy ýyldyz baradaky maglumat bilen tanyşdyrmak maksady bilen, asman jisimine “Arkadag” adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamany, şeýle hem teleskopy we onuň düşüren suratlaryny ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurmak hakynda çözgüdiň kabul edilmegi bütin halkymyzyň kalbyny ýokary ruhubelentlige besleýşi ýaly, bu baýry ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynda, talyp ýaşlarynda çäksiz buýsanç duýgularyny döredendigini çykyşlarda nygtadylar.

Maslahatynyň ahyrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyplary bu ajaýyp wakanyň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Hoşallyk maslahaty tamamlanandan soňra, Asman jisimlerini öwrenýän "Kosmos-Ýer" jemgyýetiniň alymlary tarapyndan asman jisimine "Arkadag" adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänama, şeýle-de teleskop we onuň düşüren suratlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň teleskop otagynda ýerleşdirildi.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address