Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Balkan welaýatynda mugallymlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi

07.11.2024

94

Balkan welaýatynda mugallymlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi, Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, «Balkan» gazetiniň redaksiýasy bilelikde döredijilik bilen meşgullanýan ýaş mugallymlaryň arasynda «At-abraýy dünýä dolan Bitarap Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bu barada «Balkan» gazeti habar berdi.

Bäsleşige Balkan welaýatynyň orta mekdepleriniň döredijilik bilen meşgullanýan, ýaşy 35-e çenli bolan ýaş mugallymlary gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik goşgy ýazmak ugry boýunça geçirilýär.

Bäsleşige hödürlenýän goşgular 2024-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň balkanregionyaslar@sanly.tm elektron poçta salgysyna iberilmelidir. Bäsleşige gelen goşgulara 2024-nji ýylyň 9-njy dekabryna çenli eminler topary tarapyndan serediler we ýeňijiler kesgitleniler.

Bäsleşigiň ýeňijileri TMÝG-niň Balkan welaýat geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary we Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglanar. Ýeňijileriň goşgulary «Balkan» gazetinde çap ediler.

Bäsleşik bilen bagly goşmaça maglumatlar üçin şu telefon belgilere jaň edip bilersiňiz: 6-48-96, 2-01-23, 2-01-11, 6-07-95.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address