Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Aşgabatda «Türkmentel-2024»: Tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilikler

07.11.2024

69

Aşgabatda «Türkmentel-2024»: Tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilikler

14-16-njy noýabr aralygynda Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.

«Türkmenel—2024» halkara sergisi we ylmy maslahatyna Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Türkiýe, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa, Gresiýa, Irlandiýa, Belgiýa, Awstriýa, Beýik Britaniýa, Liwan, Belarus, Hindistan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzstan, Gazagystan, Owganystan ýaly ýurtlaryň 70-e golaý kompaniýasynyň 200-e golaý wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şol sanda, «Halkara Elektroaragatnaşyk bileleşigi» (ITU), «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygy» (PCC), «Bü¬tin¬dün¬ýä poçta birleşmesi» (UPU), Sanlary we Domen atlary berkitmek boýunça Internet – korporasiýasy (ICANN) ýaly abraýly halkara guramalaryň wekilleri hem gatnaşar. Forum ýerli we daşary ýurtly alymlar, bilermenler we işewürler üçin sanly transformasiýa, telekommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlarda tejribe alyşmak üçin innowasiýa platformasyny döreder.

Maslahatyň dowamynda «Sanly çözgüt—2024» atly innowasion taslamalarynyň bäsleşiginiň jemi jemlener. Bu ýerde ýaş IT hünärmenler öz sanly çözgütlerini işewürler jemgyýetine görkezmäge mümkinçilik alarlar.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address