Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

TÄZE KITAP — TOÝ SOWGADY

08.11.2024

163

TÄZE KITAP — TOÝ SOWGADY

Hasyl toýunyň bosagasynda hoş habar — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde taýýarlanan «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyň nutuklarynyň gysgaça beýany» atly kitabyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy baýramçylyga mynasyp sowgat boldy. Täze neşirde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk özgertmeleri, agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi giňişleýin beýan edilýär.

Kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, onda halkara ylmy-amaly maslahatyň «Agronomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa» atly I bölümine, «Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş, ynsanperwer, matematika ylymlary, agroinženerçilik» atly II bölümine, «Azyk senagaty, suw hojalygynda innowasion tehnologiýalar, zootehniýa we weterinar lukmançylygy, ýeňil senagat» atly III bölümine gatnaşyjylaryň nutuklarynyň gysgaça beýanlary ýerleşdirildi. Olaryň türkmen, iňlis we rus dillerinde bolmagy, maslahata gatnaşyjylaryň arasynda daşary ýurtlaryň wekilleriniň hem bolmagy halkara ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösüşlerinden habar berýär.

Çeşmesi: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address