
News
116

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” eseriniň türk diline terjime neşiriniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy hem-de Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde guralan bu çäre Ankarada işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylaryny, dostlukly ýurdyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, medeni we ylmy jemgyýetçiligiň, Türkiýede kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekillerini, talyp ýaşlary bir ýere jemledi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, türkmen halkynyň baý taryhy we medeni mirasy barada baý maglumatlary şöhlelendirýän wideo şekiller görkezildi.
“Bilim” žurnaly.