
News
233

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri uniwersitetiň Ýokary tehnologiýalaryň fizikasy kafedrasynyň uly mugallymy Mekan Allyýew we Sanly Ykdysadyýet taýýarlygyň ugrunyň 4-nji ýyl talyby Akmyradow Gowşut 5-nji noýabrda Indonežiýa respubliksynyň Bali welaýatynda Indoneziýanyň ýaş alymlar assosiasiýasynyň guramagynda (IYSA) “International Science and Invention Fair (ISIF)” atly halkara sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Bu araýly halkara sergi ýarmarkasyna dünýäniň 24 döwletinden jemi 324 topar gatnaşdy. Olara Indoneziýa Respublikasynyň, Hindistanyň, Rumyniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Çehiýanyň, Singapuryň, Türkiýäniň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Taýlandyň, Meksikanyň, Malaziýanyň, Eýranyň, Bangladeşiň, Müsüriň, Gyrgyzystanyň, Wýetnamyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Flippin döwletiniň, Günorta Afrikanyň, Päkistanyň wekilleri gatnaşdylar.
“International Science and Invention Fair (ISIF)” atly sergi ýarmarkasy 7 sany ugurdan ybarat bolup olara Bilim, jemgyýetçilik ylymlary, daşky gurşaw, fizika energiýa inženerçiligi, ýaşaýyş durmuş, tehnologiýa, matematika ýaly ugurlardan ybaratdyr. Sergi ýarmarkasyna uniwersitetiň wekilleri fizika we energiýa inženerçiligi ugrundan özleriniň ylmy işi bilen çykyş etdiler.
“International Science and Invention Fair (ISIF)” atly sergi ýarmarkasy ýaşlaryň ylym-bilim ulgamyndaky gazananlaryny halkara derejesinde öwrenmäge hem-de ösdürmäge ýardam berer. Bu sergi halkara hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyryp, Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga itergi berer.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi