
News
191

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylyp ösdürilýar. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeläp, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli kämil hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär. Bu ulgamy kämilleşdirmek üçin anyk maksatlar we wezipeler öňde goýlan hem-de olary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler bardyr. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesliň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, döwletimiziň we jemgyýetimiziň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertler döredilýär. Munuň özi, jemgyýetiň bitewiligini, berkligini, agzybirligini we jebisligini aňladýar; döwletde amala aşyrylýan belent sepgitlere we özgertmelere ýetmek üçin milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýaşlaryň ýakyndan gatnaşmagyna ýardam berýär.
Şu aýdylanlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde, ýokary düşünjeli, öňdebaryjy, zähmetsöýer, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan ýaşlary birleşdirmek maksady bilen, uniwersitetiň çäginde hereket edýän, jemgyýetçilik häsiýetli öz-özüni dolandyryjy meýletin bileleşik bolan Talyplar Geňeşi döredildi. Bu geňeş, uniwersitetde medeniýetli, jemgyýetçilik taýdan jogapkär, zehinli talyplary höweslendirmek we olaryň arasynda ylym-bilim almaga, özbaşdak pikirlenmäge, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaga bolan höwesi ýaýmak bilen bilelikde, ýurdumyzyň milli gymmatlyklaryny, medeni mirasyny, sungatyny, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlary ýaşlaryň aňyna ýetirmekden ybaratdyr. Uniwersitetde alnyp barylýan işlere, döwlet, jemgyýetçilik ähmiýetli çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikleri talyp ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, talyplar geňeşiniň agzalarynyň hünäriniň kämilleşmegine, ylmy we döredijilik mümkinçilikleriniň ösüşine ýardam bermek ýaly wezipeleri hem öz üstüne alýar.
Biz talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, hünär endiklerimizi kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli durmuşa geçirýän işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.