Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Hindistan Respublikasynda MA-nyň diplomatlary üçin 3-nji ýörite okuw sapaklary başlandy

16.10.2024

148

Hindistan Respublikasynda MA-nyň diplomatlary üçin 3-nji ýörite okuw sapaklary başlandy

2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Suşma Swaraj adyndaky diplomatik gullugy institutynda Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatlary üçin 3-nji ýörite okuw sapaklary başlandy. Okuw sapaklary 25-nji oktýabra çenli dowam eder. Bu okuw sapaklaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary Nepesow Meýlis hem-de Gylyşaýew Meýlis dagy hem gatnaşýar. Ýeri gelende belläp geçsek, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Suşma Swaraj adyndaky diplomatik gullugy institutynyň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama hem gol çekilipdi. 

Hindistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatlary üçin geçirilýän okuw sapaklarynda meşhur professor-mugallymlar, syýasatçylar, diplomatlar çykyş ederler. Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Suşma Swaraj adyndaky diplomatik gullugy institutynda Hindistan Respublikasynyň daşary syýasatynda alyp barýan işlerine, şeýle-de bu döwletiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýola goýan ýokary derejeli gatnaşyklaryna degişli mowzuklar esasynda sapaklar geçiriler. Mundan başga-da, bu okuw sapaklaryna gatnaşýanlar üçin dürli medeni maksatnamalar hem göz öňüne tutulandyr.

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, halkara gatnaşyklary ulgamynda dünýä halklary bilen dostlukly we deňhukukly hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan şeýle gatnaşyklar hem häzirki wagtda täze hem-de täsirli many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 20-nji aprelinde ýola goýuldy.

Türkmenistany bilen Hindistany hoşniýetlilik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk gatnaşyklar birleşdirýär. Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady nukdaýnazarlaryndan amatly ýerde ýerleşmegi, işjeň döwletara gatnaşyklarynyň öňden gelýän däplerini dowam etmäge, türkmen we hindi halklarynyň arasyndaky söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

NEPESOW Meýlis,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address