Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyldy

10.11.2024

191

Ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyldy

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň Tokaý milli maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmakda, şeýle-de daşky gurşawymyzyň ekologiýa abadançylygyny has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan işler amala aşyrylýar. Şu gün eziz Diýarymyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi muňa aýdyň mysal bolup durýar. Bu däbe öwrülen asylly çärämiz pederlerimiziň ýörelgeleri esasynda has-da giň gerime eýe bolýar. 

Ählihalk bag ekmek dabarasyna Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagy we bu çärä bag ekmek bilen ak pata bermegi bizi has-da buýsandyrýar.

Şu asylly çärä baýry ýokary okuw mekdebi bolan S.A.Nyýazow adyndaky Tükmen oba hojalyk uniwersitetiniň bagtyýar talyp ýaşlary we professor-mugallymlary hem gatnaşdylar. Bu çäre ýaşlarda ekologiýa endiklerini kämilleşdirmekde, bilimlerini, ýurdumyzyň gözel tebigatyna bolan söýgüsini artdyrmakda özüniň täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda diňe bir paýtagtymyzda däl eýsem ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaşyl tokaý zolaklary emele gelip, döredilen tokaý zolaklary howany arassalamakda, klimaty kadalaşdyrmakda, topragyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda ähmiýeti uludyr.

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawyň sazlaşygyny ylmy esada alyp barmak, türkmen tebigatynyň gözelliklerini goramak, künjegimiziň ähli ýerlerini bagy-bossanlyga öwürmek babatynda mynasyp işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys!

Çeşmesi: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address