Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

MEMORIAD – 2024 Bütindünýä zehin sportlary olimpiadasy

10.11.2024

354

MEMORIAD – 2024 Bütindünýä  zehin  sportlary olimpiadasy

2024-nji ýylyň Noýabr aýynyň 4-den 11-ne çenli Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «MEMORIAD – 2024 Bütindünýä zehin sportlary olimpiadasyna» Anzan Mega mental arifmetika maksatnamasy boýunça gatnaşan Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryndan ybarat bolan milli toparynyň gazanan netijeleri barada

MAGLUMAT:

«Kämil Bilim», «Bilim Ýoly» we «Altyn göreç» okuw merkezlerinde Anzan Mega Mental arifmetika maksatnamasy boýunça okaýan mekdep okuwçylary «MEMORIAD – 2024 BÜTINDÜNÝÄ ZEHIN SPORTLARY OLIMPIADASYNA» Türkmenistan döwletimiziň adyndan ilkinji gezek gatnaşdylar. Dünýäniň 60-dan gowrak döwletinden iň zehinli 150-den gowrak saýlanan beýin türgenleri bilen ýaryşdylar.

«Memoriad» 2006-njy ýylda esaslandyryldy we şol ýylda dünýäniň 60 ýurdunda hasaba alyndy. Onuň esaslandyryjylary:

Melik Duýaryň, Skott Flansburgyň we Ralf Laueniň başlangyçlary «Memoriad – Bütindünýä Zehin sportlary olimpiýadasy» 2008-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde başlandy. Ondan soňky ýyllarda dünýäniň beýleki ýurtlaryndan milli wekilleriň gatnaşmagy bilen «Memoriad – Bütindünýä Zehin sportlary federasiýasy» döredildi.

«Memoriad» 2008-nji ýyldan ýeňijilere pul baýraklary, ýörite üstünlik derejeleri, medallar we kuboklar gowşurylyp başlanan ilkinji bütindünýä zehin olimpiadasydyr.

Memoriad olimpiadalary Olimpiýa oýunlaryna meňzeşlikde her dört ýyldan bir gezek geçirilýär.

Memoriad olimpiadasy soňky gezek 2016-njy ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Las-Wegas şäherinde geçirildi.

2020-nji ýylda olimpiada koronawirus pandemiýasy sebäpli geçirilmedi. Nobatdaky olimpiada 2024-nji ýylyň 4-11-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirildi. Türkmenistandan jemi 17 sany dalaşgär we 2 sany wekil bu dünýä ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy we bu olimpiada ýurdumyzdan ilkinji gezek gatnaşdylar.

Türkmenistandan çagyrylan dalaşgärler şu aşakda görkezilen kategoriýalardan gatnaşdylar:

1. Zehin senenamasy

2. Flaş Anzan Marafony

3. Ýatdan goşmak

4. Ýatdan köpeltmek (8x8)

5. Ýatdan kwadrat kök almak (6 belgili).

Döwletmyrat Durdymämmedow «Kämil Bilim» hususy kärhanasynyň direktorynyň orunbasary (Memoriad Bütindünýä zehin sportlary federasiýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili).

«Memoriad 2024» olimpiadasyna «Memoriad Bütindünýä Zehin sportlary federasiýasynyň resmi wekili we olimpiadanyň emin agzasy hökmünde çagyryldy.

Dünýäniň Ginnes rekordlar kitaby guramasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda bu olimpiadanyň çäklerinde dünýä rekordyny goýmak we täzelemek ugrunda synanyşyklar geçirildi.

Netijeler:

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «MEMORIAD – 2024 Bütindünýä Zehin Sportlary Olimpiadasyna» gatnaşan Türkmenistanyň milli toparynyň medally orunlary gazanan mekdep okuwçylary barada maglumat:

Nurgeldiýew Mekan Jemşidowiç - 24.12.2014-nji ýylda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň N. Gutlyýew geňeşliginde doglan, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy - Flaş Anzan Marafony kategoriýasynda 13 ýaşdan kiçi çagalaryň arasynda 1825,13 sekundyň dowamynda 43988,89 bal gazanyp altyn medal.

Ýusupowa Aýgül Ýusupowna - 24.09.2014-nji ýylda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde doglan, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy - Flaş Anzan Marafony kategoriýasynda 13 ýaşdan kiçi çagalaryň arasynda 1808,7 sekundyň dowamynda 38879,11 bal gazanyp kümüş medal.

Altyýewa Ogulmaral Nurmämmedowna - 12.11.2011-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan, Aşgabat şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy - Ýatdan kwadrat kök almak (6 belgili) kategoriýasynda 13 ýaşdan kiçi çagalaryň arasynda 508,54 sekundyň dowamynda 330 bal gazanyp bürünç medal.

Şeýle hem okaň: Turkmenportal

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address