Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Turkmenistan-Korea Information Access Center

Kämil bilimli ýaşlar - ýurduň geljegi

29.09.2024

53

Kämil bilimli ýaşlar - ýurduň geljegi

Häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek döwlet syýasatymzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmekleri üçin yzygiderli çäreler görülýär. Türkmenistan milli bilim ulgamyna dünýä standartlaryny ornaşdyryp, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Guramanyň ÝUNISEF, ÝUNFPA, ÝUNDP, ÝUNESKO ýaly ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikdäki işler durmuşa geçirilýärÝurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki ugurdaş düzümlerde ylmy barlaglaryň üstünlikli geçirilmegi, bu babatdaky işleriň giň gerime eýe bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara baglanyşykly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň bilim almaklary, ýurdumyza, halkymyza mynasyp gulluk etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, halkynyň taryhyny bilýän, ýurdunyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan, onuň şan-şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watansöýüji nesli kemala getirmek biziň baş maksadymyzdyr. Ýaşlaryň biliminiň ýokary derejä ýetirilmegi, olara zerur bilimleriň, amaly endikleriň öwredilmegi, belent ahlak gymmatlyklaryna laýyklykda terbiýe berilmegi ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň doly peýdalanylmagyny üpjün edip biler.

Biziň ýaşaýan häzirki zamanamyz görlüp-eşidilmedik ylmy-tehniki ösüşiň döwrüdir, ol bilimiň derejesiniň we hiliniň, tehnologiýalaryň, döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüşi bilen şertlendirilýär. Şonuň üçin Türkmenistanda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, iň täze kompýuter, multimedia tehnologiýalaryndan, öňdebaryjy iş tejribelerinden peýdalanýan döwrebap okuw mekdepleriniň giň toruny döretmäge, netijede, bilim ulgamyny täzeçil ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Aýjennet ARAZKULYÝEWA,

D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň

Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address