
News
160

Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde geçirýän bäsleşikleriniň ýeňijileri bolan myhmanlarymyz Türkmenistana saparynyň çäklerinde ýörite meýilnamalaşdyrylan çärelere gatnaşdylar. Myhmanlar 2024-nji 15-nji noýabrynda, ýagny bäsleşigiň ikinji gününde, ýaşaýan ýerlerinde ertirlik naharyndan soňra, gezelençleri dowam etdirdiler. Olar bilen merjen şäherimiziň gözelligine gözellik goşup oturan “Ylham” seýilgähine, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýine we beýleki ýerlere guralan gezelençler ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Günüň ikinji ýarymynda Türkmen döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmaklary ýaş zehinleriň ruhuny ganatlandyrdy.
Bäsleşigiň ýeňijisi bolan mekdep okuwçylarydyr olaryň ýanynda gelenler, paýtagtymyzyň myhmanlary türkmen ýurdunda milli däp-dessurlaryň, myhmana hormat goýmak, ony sarpalamak ýaly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň milli düzgünleriniň saklanylyşynyň hem-de ýaş nesil babatda näderejede alada edilýändiginiň şaýady boldular. Gürrüňdeşliklerde mekdep okuwçylarynyň we myhmanlaryň döwlet aladasy bilen mäkäm gurşalan türkmen jemgyýetinde ýaş nesil, onuň geljegi, bilim ulgamynyň ösüşleri we bu ugurdaky halkara gatnaşyklarynyň umumadamzat we sebit üçin aýratyn ähmiýetlidigini nygtap bellediler we ýurtda bilim babatda umumadamzat ähmiýetli uly işleri alyp barýan, ony halkara derejede uly rowaçlyklara besleýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly hoşallyklaryny bildirdiler.