Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmenistan we Eýran maglumat tehnologiýalary pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar

18.11.2024

52

Türkmenistan we Eýran maglumat tehnologiýalary pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Eýranyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasary, “Infrastructure Communications” kompaniýasynyň Baş direktory Behzad Akbari Aşgabatda eden sapary wagtynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen gepleşikleri geçirdi.

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, duşuşykda Eýranda sanly infrastrukturany ösdürmekdäki öňegidişlikler bilen tanyşdyryldy şeýle hem özara gatnaşyklara, şol sanda Türkmenistanyň we Eýranyň çäginden ulag gatnawyny giňeltmek mümkinçiliklere seredildi.

Iki ýurduň hem amatly geografiki ýerleşişi göz öňüne tutup, sebitde sanly infrastrukturanyň ösmeginde esasy orny eýeläp biljekdigi bellenildi.

Taraplar bu meseleler boýunça iş tertibinde bilelikde işlemek barada ylalaşdylar. Behzad Akbari, Eýranyň Aragatnaşyk ministri Seýedastar Haşeminiň adyndan 3-6-njy ýanwarda Tähranda geçiriljek Halkara Telekommunikasiýa sergisine Türkmenistanyň aragatnaşyk pudagynyň ýolbaşçylaryny çagyrdy.

“Infrastructure Communications” kompaniýasynyň Baş direktory Behzad Akbari Aşgabatda geçirilen “Türkmental-2024” atly halkara sergisine baryp gördi.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address