Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmenistanda Özbegistanyň Medeniýet günleri başlaýar

18.11.2024

89

Türkmenistanda Özbegistanyň Medeniýet günleri başlaýar

18-20-nji noýabr aralygynda Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär. Iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen guralan maksatnamanyň çäklerinde köpsanly dabaraly çäreler meýilleşdirilip, olar Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny özbek medeniýetiniň baý mirasy bilen tanyşdyrar.

Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Myhmanlara Özbegistanyň sungat ussatlarynyň konserti görkeziler. Köşgüň girelge zalynda özbek ussatlarynyň özboluşly döredijiligini beýan edýän amaly-haşam we şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi guralar. Başlaýan wagty: 18:00.

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda döredijilik duşuşygy geçiriler. Duşuşykda Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýazyjydyr-şahyrlary Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy barada maslahatlaşarlar.

Günüň ikinji ýarymynda “Daşkent” dynç-alyş seýilgähinde özbek aýdymçylarynyň konserti, milli egin-eşikleriň görkezilişi hem-de milli tagamlaryň we sungat eserleriniň sergisi geçiriler. Başlaýan wagty: 15:00.

Maksatnamanyň esasy çäresi 20-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda geçiriljek Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy bolar. Sahnada iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki guralan konserti görkeziler. Başlaýan wagty: 18:00.

Şeýle-de, 20-21-nji noýabr aralygynda Türkmenabat şäherinde Ikinji türkmen-özbek sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, 21-nji noýabrda söwda we syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri boýunça geňeşmeler geçiriler. Çäräniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar we resminamalaryň gol çekilişigi göz öňünde tutulan.

Türkmenistanda Özbegistanyň Medeniýet günleriniň çäreleri iki ýurduň arasyndaky medeni alyş-çalyşygyň we däbe öwrülen dostlukly hyzmatdaşlygyň wajyplygyny açyp görkezýär.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address