
News
224

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda halkara sungat festiwallarynyň we konsertleriň yzygiderli geçirilmegi dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, parahatçylygy we abadançylygy has-da pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
"Pähim-paýhas ummany-Magtymguly Pyragy" ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde türkmen halkynyň edebi mirasyny, dünýä belli kompozitorlarymyzyň döredijiligini, olaryň eserlerini ylmy taýdan öwrenmeklige döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär.
17-nji noýabrda Mukamlar köşgünde geçirilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hemde-de Türkmen Döwlet Ýörite sazçylyk mekdepleriniň halypa mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklaryndaky birleşen “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” orkestriniň bilelikdäki “Parahatçylyk Çemeni” atly konserti uly şowhuna beslenip geçirildi.
Çykyşlar:
Konsertiň başynda “GARAŞSYZ, BITARAP TÜRKMENISTAN”.
Sözleri: Kakamyrat Rejepowyňky.
Sazy: Döwletmämmet Ökdirowyňky.
Ýerine ýetirenler: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Atajan Hemraýew, Täzegül Baýramowa, Kadyr Esenow, Güljemal Taýlyýewa hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory, hormeýstr Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ýelena Moskwiçowa we “Birleşen Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” orkestri.
Dirižýor: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Kowus Bäşimow.
"OGUZLAR".
Sazy: Aman Agajykowyňky.
Ýerine ýetirenler: Birleşen Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri.
Dirižyor: Gurbandurdy Begenjow.
"ARMANYM GALDY".
Sözleri: Magtymguly Pyragynyňky.
Sazy: Çary Nurymowyňky.
Ýerine ýetirenler: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Ýusup Ataýew hem-de Birleşen Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň sazandarlyk etmeginde öz ajaýyp sesi bilen ýerine ýetirdi.
Dirižyor: Gurbandurdy Begenjow.
"LIBERTANGO".
Sazy: Astor Piýassollanyňky.
Ýerine ýetirenler: Birleşen Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri.
Dirižyor: Gurbandurdy Begenjow.
"PIRATY KARIBSKOGO MORYA".
Sazy: Klaus Badeltiňki.
Ýerine ýetirenler: Birleşen Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri.
Dirižyor: Gurbandurdy Begenjow.
"ROLING IN THE DEEP".
Sazy: Adele Adkinsiňki.
Ýerine ýetirenler: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Täzegül Baýramowa hem-de Birleşen Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri.
Dirižýor: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Kowus Bäşimow.
"ZIMNYAYA DOROGA" k-den "TROÝKA".
Ýerine ýetirenler: Birleşen Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri.
Dirižyor: Gurbandurdy Begenjow.
"WENGER TANSY №1".
Sazy: Iýogannes Bramsyňky.
Ýerine ýetirenler: Birleşen Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri.
Dirižyor: Gurbandurdy Begenjow.
"BAYRIŞ POLKA".
Sazy: Gizella Lahmanyňky.
Ýerine ýetirenler: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň talyby Tahyr Tuwakmedow (trombom), hem-de Birleşen Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri.
Dirižyor: Gurbandurdy Begenjow.
"PUTTIN ON THE RITZ".
Sazy: Irwing Berliniňki.
Ýerine ýetirenler: "Regtaým" topary.
Toparyň ýolbaşçysy: Natella Bagirowa.
"Glori Geýnoryň repertuaryndan" - "I WILL SURVIVE"
Ýerine ýetirenler: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Täzegül Baýramowa, Aýmämmet Guseýinhanow (solo saksofon) hem-de "Regtaým" topary.
"SOUL SAKRIFIKE".
Sazy: Karlos Santananyňky.
Ýerine ýetirenler: Birleşen Üflenip we kakylyp çalynýan saz
gurallary orkestri.
Dirižyor: Gurbandurdy Begenjow.
"GAYANE" baletinden "GYLYÇLY TANS".
Sazy: Aram Haçeturýanyňky.
Ýerine ýetirenler: Birleşen Üflenip we kakylyp çalynýan saz
gurallary orkestri.
Dirižyor: Gurbandurdy Begenjow.
"ŞADYYAN ORKESTR".
Sazy: Daniil Braslawskiýniňki.
Ýerine ýetirenler:: Birleşen Üflenip we kakylyp çalynýan saz
gurallary orkestri.
Dirižyor: Gurbandurdy Begenjow.
"ÇARGAH SIRTO".
Sazy: Murat Demrel.
Ýerine ýetirenler: "Perwaz" kwintet topary. Toparyyň ýolbaşçysy: Babaguly Goşaýew.
"DOST-DOGANLYK SAZ ÇEMENI" №1.
Ýerine ýetirenler: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Hüseýin Garaýew, Aýmämmet Guseýinhanow (saksofon), Öwezaly Nazarow hem-de Birleşen Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri. Dirižyor: Gurbandurdy Begenjow.
Türkmen halk aýdymy: "BAGA SEÝLE GELEDIR"
Ýerine ýetirenler: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Mämmet Nuryýew hem-de Birleşen Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri.
Dirižyor: Gurbandurdy Begenjow.
"ALLADDIN" k/den "SYUITA".
Sazy: Paul Jenningiňki.
Ýerine ýetirenler: Birleşen Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri.
Dirižyor: Gurbandurdy Begenjow.
Konsert "BITARAPLYK AYDYMY" atly aýdymyň ýaňlanmagy bilen jemlendi.
Sözleri: Durdymuhammet Gurbanowyňky.
Sazy: Baýram Hudaýnazarowyňky.
Ýerine ýetirenler: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Atajan Hemraýew, Täzegül Baýramowa, Kadyr Esenow, Güljemal Taýlyýewa hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory, hormeýstr Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ýelena Moskwiçowa we Birleşen Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri.
Dirižyor: Gurbandurdy Begenjow.
Medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde bize baş halypa bolup durýan Türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyza, Gahryman Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Biz ýaşlara okamaga, döretmäge şeýle sahnalarda çykyş etmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaç alsyn!
Begenç Rozyýew
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň IV ýyl talyby.